Täjik häkimiýetleri transport ministriniň keselhana ýerleşdirilendigini aýdýar
Täjigistanyň Baş prokuraturasy 62 ýaşly Hudoýorzodanyň 11-nji awgustda irden maşgala agzalary bilen dawalaşandan soň, özüni öldürmek üçin pyçak ulanandygyny aýdýar.
Baş prokuraturanyň beýanatynda Hudoýorzodanyň gatnaşandygy aýdylýan maşgala dawasy barada detallar aýdyňlaşdyrylmaýar.
"Häzirki wagtda Hudoýorzoda Istiklol keselhanasynda bejergi alýar. Oňa hirurgiki operasiýa edildi we onuň häzirki saglyk ýagdaýy kanagatlanarly” diýlip, 11-nji awgustda ýaýradylan beýanatda bellenilýär.
Häkimiýetler waka boýunça derňewiň başlandygyny aýtdy.
Hudoýorzoda 2017-nji ýyldan bäri Täjigistanyň Transport ministrligine ýolbaşçylyk edýär.