Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Protestleriň fonunda oppozisiýa dalaşgäri Tsihanouskaýa Belarusy terk etdi

Belarus oppozisiýasynyň prezidentlige dalaşgäri Swýatlana Tsihanouskaýa Belarusy terk edip, Litwa bardy. Bu barada Baltika ýurdunyň daşary işler ministri Linas Linkewiçus 11-nji awgustda Twitter sosial ulgamynda paýlaşan maglumatynda mälim etdi. 


Bu waka prezident saýlawlary bilen bagly Belarusyň çäginde protestler geçirilýän mahalyna gabat geldi. Oppozisiýa bu saýlawlaryň galplaşdyrylandygyny aýdýar.


 




Tsihanouskaýa 11-nji awgustda tut.by habar websaýty tarapyndan ýaýradylan wideoda Belarusy terk etmek baradaky karara özbaşdak gelendigini aýtdy.


Wideonyň Tsihanouskaýa Belarusda mahaly, ýagny 10-njy awgustda ýa-da Litwa baranyndan soň düşürilendigi entek belli däl.


Emma Tsihanouskaýanyň ýarany Maryýa Kalesnikawa 11-nji awgustda eden çykyşynda bu wideo beýanatyň, Tsihanouskaýanyň "ýokary derejeli kanun goraýjy edaralaryň" işgärleri tarapyndan üç sagatlap aklawçysyz saklanandan soň, basyş astynda etdirilendigini aýtdy. Şonda ol resmi saýlaw netijeleri barada Minskdäki Merkezi saýlaw toparynyň baş edarasyna resmi şikaýat bilen ýüzlenmäge synanyşýardy.


“Ol ýerde Swýatlananyň biziň bilen aragatnaşygy ýokdy. Soňky wideo şu üç sagadyň netijesidir” diýip, Kalesnikawa aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus