Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

COVID-19: Özbek resmileri ozal gowşadylan çäklendirmeleri täzeden girizdiler

ABŞ koronawirus pandemiýasynyň ýaýramak gerimini kontrol astyna alyp bilmedi diýip, Birleşen Ştatlaryň ýokanç keseller boýunça ýokary derejeli bilermeni doktor Antony Fauçi duýdurdy. Bu aralykda, 30-njy iýunda ABŞ-da COVID-19 bilen bagly onlarça müň täze ýagdaý ýüze çykaryldy.


Doktor Antony Fauçi ABŞ-nyň Senatynyň komitetiniň öňünde eden çykyşynda “ýagdaýlaryň has hem ýaramazlaşyp biljekdiginden aladalanýandygyny” aýtdy. Fauçi ABŞ-da her gün koronawirus bilen kesellänleriň täze 100 müň ýagdaýy ýüze çykarylyp başlansa, muňa “haýran galmajakdygyny” hem belledi.


Bu aralykda, Ýewropa ýurtlary wirusyň ýaýramak gerimini haýallatmagy başardylar we 1-nji iýuldan syýahatçylyk çäklendirmelerini gowşadyp başladylar.


Şol bir wagtda, Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurdy Özbegistan wirusyň ýaýramak geriminiň ýokarlanmagy bilen, ozal gowşadylan käbir çäklendirmeleri täzeden ýola goýdy.


Wirusyň ýaýramak gerimini gowşatmak boýunça iş alyp barýan komissiýa ýurtda koronawirusyň ýüze çykarylan sebitlerinde jemgyýetçilik transportyň gatnawyny çäklendirdi.  Şeýle-de, dynç günleri ir sagat 07:00-dan gije sagat 11:00 aralygynda üçden köp adamyň bir ýerde toplanmagyna gadagançylyk girizildi. Özbek resmileri ýurtda 8 müň 298 adamyň wirusa ýolugandygyny we ondan 24 adamyň ölendigini habar berýärler.


Gazagystanyň saglyk ministri Alekseý Tsoý, koronawirus bilen ýagly täze ýagdaýlaryň öňüni almak maksady bilen, ýurt boýunça dört hepdeläp çäklendirmeleri girizmegi teklip etdi. Gazak resmileri ýurtda wirusa ýoluganlaryň sanynyň 21 müň 819-a ýetendigini, şeýle-de ondan heläk bolanlaryň sanynyň 188 bolandygyny aýtdylar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus