Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenabat: Berdimuhamedow gelende azyk ‘gözboýagçylygy’ döredildi

Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde ilatyň eýýäm ençeme ýyldan bäri ýüzbe-ýüz bolup gelýän azyk gytçylyk meseleleri, bank kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklary prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebite eden saparynyň dowamynda az-owlak hem bolsa, gowşan ýaly bolup görünse-de, saparyň yzýany bu ýagdaýlar ýaňadandan möwjäp başlady.


Ýatlatsak, 8-nji iýunda Berdimuhamedow iş sapary bilen Lebap welaýatyna baryp, galla oragynyň alnyp barlyşy bilen tanyş bolupdy. Bu Berdimuhamedowyň apreliň ahyrynda ýurduň gündogar sebitlerinde turan hem-de heläkçilikli netijelere ýol açan güýçli tupandan soň, sebite eden ilkinji saparydy. Prezident ejir çeken regionlara eden saparynyň dowamynda harasatyň netijelerini agzamady.


“Prezidentiň gelen günleri Türkmenabadyň dükanlarynda un peýda bolup, ol ýaşaýjylaryň tas ählisine diýen ýaly ýetdi. Bankomatlara hem pul goýuldy. Ozal ençeme aýlap kösenip ýören adamlar kartlaryndaky pullary nagtlaşdyryp bildiler. Ýaşaýjylar muňa gaty begenipdiler. Emma bularyň ählisi gözboýagçylyk ekeni. Prezidentiň saparyndan soň, öňki bar bolan meseleler ýaňadandan gaýdyp geldi” diýip, Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçysy 18-nji iýunda maglumat berdi.




Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ýerli resmileriň biriniň tassyklamagyna görä, bu wagtlaýyn çäreler prezidentiň saparynyň dowamynda ilat arasynda bolup biljek nägilelikli çykyşlaryň öňüni almak maksady bilen gurnalypdyr. Bellesek, mundan öň, Türkmenabatda adamlar weýrançylykly harasatyň netijeleriniň aradan aýrylmaýandygyny, häkimiýetleriň ilatyň ýeterlik aladasyny etmeýändigini aýdyp köçelere çykypdylar.


“Häkimiýetler prezidentiň gelen mahaly adamlaryň protest, demonstrasiýa geçirmeginden howatyr etdiler. Şol sebäpli-de, öňünden dükanlary harytlar bilen doldurdylar, bankomatlara pul goýdular. Prezident gidenden soň, şol öňki düzgün gaýdyp geldi” diýip, ýerli resmileriň biri bilen söhbetdeş bolan habarçymyz gürrüň berdi.


Galyberse-de, Berdimuhamedowyň saparynyň dowamynda, hamala, onuň barýan ýolundan adaty ulag sürüjileriniň hem geçip barýandygyny görkezmek üçin, öňünden ýörite ak reňkli ulaglar taýýarlanyp goýulypdyr.


“Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy şäheriň merkezi ‘Bitarap Türkmenistan’ köçesiniň sowa ýollarynda ak reňkli ulaglary toplap goýdular. Prezidentiň ulag kerweniniň golaýlan pursady olary ýoluň garşylykly tarapyndan goýberdiler. Hamala prezident gelende ýollar petiklenmedi diýip görkezmek üçin. Ähli zat ýasama” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran habarçymyz Berdimuhamedowyň Türkmenabada eden saparynyň dowamyndaky ýagdaýlary suratlandyrdy.




Şu aýyň başynda Berdimuhamedow iýun aýynyň dowamynda ýurduň ähli welaýatlaryna sapar edip, ýerlerde galla oragynyň barşy bilen tanyşmagy meýilleşdirýändigini mälim edipdi. Ol häzire çenli Lebap bilen birlikde, Mary we Daşoguz welaýatlarynda hem saparda boldy.


Azatlygyň sebitlerdäki habarçylary prezidentiň saparlary bilen baglylykda welaýatlarda güýçli depginde alnyp barylýan arassaçylyk işlerine, şol sanda döwlet edara-kärhanalaryň işgärleriniň hem mejbury çekilýändiklerini habar beripdiler.


Berdimuhamedowyň welaýatlara edýän sapary ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, döwlet dükanlarynda wagtal-wagtal ýüze çykýan iýmit önümleriniň gytçylygynyň, şol sanda un we çörek ýetmezçiliginiň fonunda amala aşyrylýar. Ýöne welaýatlara edýän saparlarynyň dowamynda türkmen prezidenti bu meseleleri aç-açan gozgamaýar. Bu barada döwlet media we metbugat serişdeleri habar bermeýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus