Türkmenistan pandemiýanyň arasynda köpçülikleýin sport çärelerini geçirýär
Türkmenistan koronawirus bilen ilteşikli ýeke ýagdaýyň hem hasaba alynmandygyny aýdýar we bu pandemiýa baradaky islendik gürrüňleri sem etmäge synanyşýar.
7-nji aprelde döwlet telewideniýesinde awtoritar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmileriniň bir topary bilen at üstünde gezelenç edýän pursatlary görkezildi. Ol koronawirusy ilkinji gezek geçen hepde agzapdy.
Resmi maglumata görä, Aşgabatda 3 müň 500, ýurduň beýleki künjeklerinde hem 7 müň adam, türkmen mediasynyň sözleri bilen aýdylanda “sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydyklaryny görkezmek” üçin, welosipedli ýöriş geçiripdirler.
Döwlet telewideniýesinde başga-da köpçülikleýin sport, şol sanda gimnastika, dzýudo, boks we göreş çärelerinden pursatlar görkezildi.
Azatlygyň ozal-da habar berişi ýaly, Aşgabatda köpçülikde koronawirus barada gürrüň edýänler raýat eşigindäki adamlar tarapyndan ýygnalyp başlandy.