Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Owgan resmisi: “Gazaplylygy togtatmak” ylalaşygy şenbe güni güýje girýär

Owganystanda bir hepdäniň dowamynda “gazaplylygy togtatmak” baradaky ABŞ-nyň we “Talybanyň” arasynda gelnen ylalaşyk gije ýary (Aşgabat wagty bilen 00:30-da) güýje girer. Bu barada ýokary derejeli owgan resmisi 21-nji fewralda mälim etdi.


“Gelnen ylalaşyga laýyklykda, ‘Talybanyň’, halkara we owgan howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky gazaplylyk bir hepde möhlet bilen togtadylar” diýip, Owganystanyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat wekili Jawed Faýsal aýtdy.


ABŞ resmileri we “Talyban” bu boýunça häzirlikçe maglumat bermediler.


Mundan öň, “Talyban” toparynyň lideriniň orunbasary we dünýä boýunça gözlege yglan edilen jeňçi Sirajuddin Hakkani 20-nji fewralda “New York Times” neşirinde makala çap edip, onda owgan jeňçileriniň Waşington bilen gelnen ylalaşyga “doly ygrarly” bolup durýandyklaryny belledi.


Hakkani Owganystanda hökümet we halkara güýçlerine garşy göreşýän iň howply we ABŞ tarapyndan terrorist diýlip häsiýetlendirilen “Hakkani” toparyna ýolbaşçylyk edýär.


Şu hepdäniň başynda, “Talybanyň” Katardaky syýasy edarasynyň metbugat wekili Suhail Şahin taraplaryň ylalaşyga gelendiklerini we oňa şu aýyň aýagynda “gol goýuljakdygyny” aýdypdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus