Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ Merkezi Aziýa boýunça täze strategiýasyny çap eder

Prezident Donald Trampyň administrasiýasy ABŞ-nyň Merkezi Aziýa boýunça täze strategiýasyny çap etmegi göz öňünde tutýar. Bu energiýa serişdelerine baý sebitde Hytaýyň we Russiýanyň täsiriniň artmagynyň we Owganystandaky jeňçileriň regionyň durnuklylygyna abandyrýan howpunyň fonuna gabat geldi.




 


13-nji dekabrda Döwlet departamentiniň resmisi Birleşen Ştatlaryň Merkezi Aziýanyň bäş döwleti bilen diplomatiki gatnaşyklaryny “ýaýbaňlandyrandygyny” aýtdy. Mundan bir gün öň, ol Gazagystanyň daşary işler ministri Mukhtar Tileuberdi bilen gepleşikleri geçiripdi.


Iýulda, soňky dört ýylyň içinde ilkinji gezek, ABŞ-nyň delegasiýasy Gyrgyzystana sapar edipdi. Noýabrda bolsa, Döwlet departametini Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowy kabul edipdi.




ABŞ-nyň resmisiniň sözlerine görä, geljek ýazda Döwlet departamentinde täjik we özbek hökümet delegasiýalary bilen hem ýyllyk konsultasiýalar geçiriler.


“Regional we ikitaraplaýyn gatnaşyklar Tramp administrasiýanyň Merkezi Aziýa strategiýasy babatyndaky maksatlaryny we ileri tutýan meselelerini şöhlelendirýär. Biz munuň ýakynda jemgyýetçilige hödürlenmegine garaşýarys. Strategiýa biziň Merkezi Aziýa bilen syýasy, ykdysady we harby gatnaşyklarymyzy giňeltmek baradaky tutanýerliligimizi görkezýär” diýip, Döwlet departamentiniň ýokary derejeli wekili 13-nji dekabrda aýtdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus