Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

“Türkmenhowaýollary” Britaniýa uçuşlaryny dikeltmezlik kararyna geldi

“Türkmenhowaýollary” gullugy Britaniýa amala aşyran uçuşlaryny dikeltmezlik kararyna geldi.


Mundan öň, “Türkmenhowaýollary” gullugy 3-nji dekabrdan başlap, Boeing 737-800 uçary bilen her sişenbe güni Aşgabat-London aralygynda uçuşlary amala aşyrmagy planlaşdyrypdy.




Emma, 9-njy dekabrda bu ugur boýunça gatnaw uçuşlaryň tertibinden aýryldy diýip, Routes Online mälim edýär.




Ýatlatsak, 7-nji dekabrda, 10 aýa çeken arakesmeden soň, “Türkmenhowaýollary” Ýewropa Bileleşigine, has takygy Frankfurta  amala aşyrýan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýupdy.


4-nji fewralda Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugy (EASA) “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasynyň Ýewropa Bileleşiginiň çäklerine uçýan we bu bileleşigiň çäklerinden yzyna uçýan uçuşlaryny togtadypdy. Gadagançylygyň takyk sebäpleri mälim edilmedi.


14-nji oktýabrda Türkmenhowaýollarynyň başlygy Döwran Saburow Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berip, Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy agentliginiň (EASA) barlagyndan üstünlikli geçendigini mälim etdi.


Gadagançylykdan ozal, Türkmenistan London Heathrow (LHR) we Birmingham (BHX) ugurlary boýunça uçuşlary amala aşyrýardy.




1992-nji ýylda döredilen “Türkmenhowaýollary” ýolagçylara edilýän hyzmatyň hili boýunça halkara derejesinde geçirilýän reýtinglerde ýyllarboýy pes bahalary alýar. Onuň öz ýolagçylaryny köp garaşdyrmagy kemçilikleriň arasynda agzalýar. Şeýle-de, bu howaýollary kompaniýasy bilen sapar eden ýolagçylaryň ençemesiniň goşlarynyň açylandygy barada“Skytrax” neşirinde habarlar hem bar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus