Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Berdimuhamedow paýtagtdaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy

10-njy dekabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen nobatdaky gezek tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.


Berdimuhamedow Bekrewe köçesiniň ugrunda gurulýan täze saglygy goraýyş desgasynyň — 130 orunlyk Ýanyk şikeslerini bejeriş halkara merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine baryp gördi.


Munuň bile birlikde, prezidentiň garamagyna 240 orunlyk köp gatly awtoduralganyň, 700 orunlyk lukmançylyk kollejiniň, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Okuw-kliniki merkeziniň, fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň taslamalary hem hödürlenildi.


Döwlet baştutany “Garagum” köpugurly işewürlik merkezli myhmanhanasyndaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen hem tanyşdy. Şeýle-de, ol “Nusaý” myhmanhanasynyň ikinji tapgyrynda, täze bäş gatly myhmanhana toplumynda alnyp barylýan işleriň barşyna üns berdi.


Resmi mediada bu desgalaryň gurluşygyna sarp edilýän maliýe serişdesi aýdyňlaşdyrylmaýar.


Azatlyk Radiosynyň habarçylary we türkmenistanlylaryň ençemesi gurluşygyna millionlarça amerikan dollary möçberde maliýe serişdesi harçlanýan desgalaryň ençemesiniň doly güýjünde ulanylmaýandygyny aýdýarlar. Olar “boş ýatan myhmanhanalaryň, sport mekdepleriniň, Medeniýet öýleriniň we beýlekileriň sanynyň sanardan köpdügini” belleýärler.


Türkmen lideri 6-njy noýabrda paýtagta iş saparyny amala aşyryp, alabaý itiniň täze heýkelini dikmegi tabşyrypdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus