Eýranda geçen aý benziniň bahasynyň artdyrylmagy sebäpli tutaşan protestleriň basylyp ýatyrylmagy netijesinde azyndan 208 adamyň öldürilendigi çaklanylýar diýip, adam hukuklaryna gözegçilik edýän Amnesty International guramasy 2-nji dekabrda maglumat berdi.
Düýbi Londonda ýerleşýän gurama öldürilenleriň asyl sanynyň has ýokary bolmagynyň mümkindigini hem belledi.
Protestler 15-nji noýabrda, haçanda hökümet benziniň bahasynyň 200% çemesi artdyrylýandygyny yglan edeninden soňra, döräpdi.
Munuň yzy bilen ýurtda, internet üpjünçiligi kesildi we howpsuzlyk güýçleri protestleri basyp ýatyrmak boýunça çäreleri gördüler.