Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

AÝ/AR-nyň prezidenti täjik liderini media azatlygyny we žurnalistleriň iş rugsatlaryny üpjün etmäge çagyrýar

AÝ/AR-nyň prezidenti Jeými Flaý (Jamie Fly) Täjigistanyň liderini täjik diňleýjileriniň obýektiw habarlary we reportažlary almak hukuklaryny üpjün etmäge, Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň merkezi aziýa ýurdundaky žurnalistleriniň azat we gorkuzylman işlemegine şert döretmäge çagyrdy.


Flaý prezident Emomali Rahmon bilen 7-nji noýabrda, täjik häkimiýetleri AÝ/AR-nyň Täjik gullugynyň, Ozodi radiosynyň 20-ä golaý ýerli žurnalistine ýarym-ýalta iş rugsatlaryny berenden birnäçe gün soň duşuşdy.


AÝ/AR-nyň talaby boýunça Zýurihde, täjik prezidentiniň Ýewropa edýän sapary mahalynda bolan duşuşykda Flaý Rahmona “AÝ/AR iň ýokary žurnalistik ölçeglerine eýerýär we hökümet haýbatlary we gorkuzmalary sebäpli bu standartlary töwekgellik astynda goýmaz” diýdi. 


Bu duşuşyk Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň 31-nji oktýabrda AÝ/AR-nyň 18 žurnalistiniň we beýleki işgärleriniň 1-nji noýabrda möhleti gutarýan iş rugsatlaryny doly täzelemek baradaky haýyşlaryndan ýüz öwrenden soň guraldy. 


Ministrlik ýedi žurnalistiň iş rugsady möhletini uzaltdy, olaryň altysynyň iş rugsady alty aý, biriniňki üç aý uzaldyldy, galan 11 žurnalistiň we işgäriň iş rugsady uzaldylmady.


Flaý Rahmona özüniň “AÝ/AR žurnalistlerine saýlanyp-seçilip iş rugsadynyň berilmegini ýa-da olara gysga möhlet bilen rugsat berilmegini kabul edip bilmejekdigini” aýtdy we eger-de bu mesele derhal çözülmese, “AÝ/AR-nyň Täjigistanda işlemek meselesine gaýtadan seretmeginiň zerur boljakdygyny duýdurdy.


Rahmon "Ozodi radiosynyň işiniň möhüm tebigatyny belledi we özüniň Ozodiniň Täjigistanda galmagyny isleýändigini bildirdi” diýip, Flaý aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus