Makron Modini Kaşmirdäki ilatyň hukuklaryny sylamaga çagyrdy
Makron bu barada 22-nji awgustda Parižiň eteginde Modi bilen geçiren duşuşygyndan soň aýtdy.
Makron öňümizdäki günlerde Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan bilen bu mesele boýunça gepleşjekdigini mälim etdi.
5-nji awgustda Hindistan Kaşmiriň özüniň gözegçilik edýän sebitiniň ýörite statusyny ýatyrýandygyny yglan edeninden soň, dartgynlylyklar ýitileşip başlapdy.