Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Orsýet Türkmenistanyň Azerbaýjanyň üstünden ÝB ýurtlaryna gaz ibermegine garşy durýar

Orsýetiň Türkmenistandan Azerbaýajana çekilmekçi bolýan Transhazar geçirijisiniň gurluşygyna garşy durýandygy habar berilýär.


Azerbaýjanyň “Minval” neşiriniň maglumatyna görä, Russiýa Federasiýasynyň Bakuwdaky ilçisi Mihail Boçarnikow bu meselede Orsýetiň pozisiýasyny aýan etdi.


“Orsýetiň bu meseledäki pozisiýasy üýtgewsiz galýar. Ozaly bilen, biz daşky gurşawy goramak boýunça halkara ylalaşyklary esasynda öz üstümize alan borçnamalarymyzyň talaplaryndan ugur almaly, şeýle-de aýratyn alnan “ykdysady taslamalaryň” hyýaly we o diýen görnetin bolmadyk bähbitleriniň hazarýaka döwletleriniň ilatynyň uzak möhletli bähbitlerinden we suw howdanynyň ekologiki ulgamyny gorap saklamak perspektiwalaryndan ileri tutulyp bilmejegine düşünmeli” diýip, Boçarnikow aýtdy.


Ilçi Hazar deňziniň hukuk durumy boýunça 2018-nji ýylyň awgustynda bäş hazarýaka ýurdy tarapyndan gol çekilen Konwensiýa salgylandy.


Konwensiýa laýyklykda, taraplar deňziň düýbünden geçiriji gurmak üçin teoretiki mümkinçilik we hukuk esaslaryny aldylar, emma munuň üçin bäş hazarýaka döwletiniň taslamanyň ekologiýa taýdan howpsuzlygy boýunça razylygyny almaly. 


Rus ilçisi bu poziýasyny Türkmenistanyň Orsýet bilen täze, 5 ýyllyk gaz şertnamasyna gol çekmeginiň yz ýanyndan ýatlatdy. 

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus