Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ täze gazak hökümeti bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagy wada berýär

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo Gazagystanyň daşary işler ministri bilen gepleşenden soň, Amerikanyň energiýa baý merkezi aziýa ýurdy bilen gatnaşyklaryny “pugtalandyrmak” isleýändigini aýtdy.


Gazagystanyň daşary işler ministri Beibut Atamkulow 1-2-nji iýulda Waşingtona eden saparynda Pompeo hem-de ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi bilen gepleşik geçirdi.


Bu sapar Gazagystan geçen aýda Kasym-Žomart Tokaýewi prezident saýlandan soň amala aşyryldy. ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 2-nji iýulda Atamkulow bilen “duşuşmak gowy boldy" diýip twit etdi.


"Birleşen Ştatlar ABŞ-Gazagystan arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berk goldaw bildirýär we Tokaýewiň täze hökümeti bilen özara gatnaşyklary mundan aňryk hem berkitmäge umyt baglaýar” diýip, ol ýazdy.


Döwlet departamentiniň sözçüsi Morgan Ortagusyň beýanatynda aýdylmagyna görä, Pompeo [Tokaýewiň] Gazagystanyň syýasy gatnaşygyny giňeltmek we Gazagystanyň halkynyň esasy azatlyklarynyň goragyny pugtalandyrmak ugrunda görüljek çäreler babatdaky beýanatyny “gutlady”.


Şeýle-de, döwlet sekretary “Gazagystanyň öz Siriýadaky adamlaryny yzyna getirmekde we gaýtadan jemgyýete goşmakda” edýän tagallalaryny öwdi.


Şu ýyl Gazagystan Siriýadaky “Yslam döwleti” ekstremist topary bilen ilteşikli ýüzlerçe raýatyny yzyna, öz watanlaryna dolap getirdi.


Şu aralykda, Ak tamyň milli howpsuzlyk geňeşçisi John Bolton twitterde özüniň Atamkulow bilen “öňdenem gujurly” ABŞ-Gazagystan gatnaşyklaryny maslahatlaşandygyny aýtdy we Gazagystanyň Waşington bilen “energiýa, ykdysady we beýleki regional meseleler boýunça”  hyzmatdaşlyk etmek üstünde işleýändigini belledi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus