Gazagystanyň günortasynda Arys şäherçesindäki ýarag saklanýan ýerde bolan güýçli partlamada onlarça adam ýaralandy diýip, gazak resmileri aýdýarlar.
Goranmak ministriniň orunbasary Timur Dandibaýewyň Nur-Sultanda žurnalistlere aýtmagyna görä, 24-nji iýunda bolan partlamanyň sebäpleri nämälim galýar.
Dandibaýew ýangyn söndürijileriň Türkestan regionynda ýarag saklanýan ýerde bolan partlama zerarly dörän oda garşy göreşýändigini aýtdy.
20 çemesi adama şol sanda çagalara regionyň merkezi Şymkentiň keselhanasynda medisina kömeginiň berlendigini, keselhananyň resmileri AÝ/AR-na mälim etdiler.
Otyrar etrabynyň keselhanasynda ýene 34 adama kömek berildi diýip ýerli resmiler aýdýarlar.
Regionyň häkimi Omirzak Şokeew şäherde adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi we ýarag saklanýan ýeriň golaýynda ýaşaýan adamlary dessine göçürmegi tabşyrdy.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Facebook sahypasynda çap eden maglumatynda, Goranmak we Içeri işler ministrliklerine, şeýle-de Türkestan regionynyň häkimiýetlerine partlamanyň sebäplerini derňemegi tabşyrandygyny ýazdy.