Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Täze barlagyň netijelerine görä, Aşgabat dünýäde iň gymmat şäher

ECA International toparynyň geçiren soňky barlaglaryna görä Aşgabat dünýäde iň gymmat şäher hökmünde hasaba alyndy.


Dünýäniň dürli şäherlerinde daşary ýurtlular üçin ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligine degişli çykdajylar öwrenip deňeşdirýän ECA International toparynyň 13-nji iýunda çap eden soňky hasabatyna görä, Aşgabat dünýäde iň gymmat şäher hökmünde hasaba alyndy.


“Aşgabadyň alan derejesi käbir adamlary geňirgendirmegi mümkin, ýöne Türkmenistanyň soňky ýyllarda duçar bolýan ykdysady we walýuta kynçylyklaryndan habarly adamlar munuň şeýle boljakdygyny bilendir. Inflýasiýanyň derejesiniň yzygiderli galmagy, walýutanyň belli-meşhur bikanun gara bazar bilen goşalanyp, importa durýan harytlaryň bahalaryny gymmatlatdy. Şeýlelikde, walýutanyň resmi bahasyna görä, paýtagt Aşgabada sapar edýänler üçin nyrhlar juda gymmatlady. Bu ýagdaý Aşgabady sanawyň iň depesine ymykly oturtdy” diýip, ECA Internationalyň wekili Stiwen Kilfedder (Steven Kilfedder) aýtdy.


2018-nji ýylda Türkmenistan dünýädäki şäherleriň gymmatçylygy we arzançylygy boýunça döredilen sanawda 111-nji orunda ýerleşdirilipdi.


Barlagda degişli şäherlerdäki iýmit önümleriniň we hojalyk harytlaryň bahalary, şeýle-de gündelik durmuşa degişli beýleki zerur çykdajylar öwrenilipdir.  

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus