Prezident Donald Tramp ABŞ-nyň urşy bes etmek üçin ylalaşyk barada "Eýrandaky dogry adamlar bilen gürleşýändigini" aýtdy, Tähran bolsa Ysraýyla we Kuweýte hüjüm etdi, ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri sebite ýene müňlerçe esgeriň ugradylyp biljekdigini habar berdiler.
Türkmenistanda ençeme adam daşary ýurtdan awtoulag getirip bermegi wada beren kärhanadan aldanandygyny aýdýar. Azatlyk Radiosyna ýüz tutan türkmenistanlylaryň biri şertnamada görkezilen 3 aýa derek 1,5 ýyl garaşandygyny, emma özüne ne ulagyň, ne-de pulunyň yzyna gaýtarylyp berlendigini gürrüň berdi we meselesi çözülip, günäkärleriň jogapkärçilige çekilmegini isleýändigini aýtdy. "Biz daşary ýurtdan awtoulag sargamak üçin, Aşgabat şäherinde ýerleşýän ofise bardyk we şertnama baglasyp sargyt etdik. Читать дальше...
Türkmenistanyň banklary, döwlet eýeçiligindäki metbugatyň habarlaryna görä, häzirki zaman bank hyzmatlarynyň giň görnüşlerini hödürleýär, emma ýaşaýjylar ýurduň maliýe ulgamyndaky gümürtik ýagdaýlaryň, şol sanda bank hasaplarynyň ýapylmagynyň, ‘kölege karz bazary’ diýilýäniň barha giňemeginiň adamlary örän agyr hala salýandygyny aýdýarlar. Resmi habarlara görä, Türkmenistanyň karz edaralary tarapyndan milli walýutada berlen karzlaryň umumy möçberi 2026-njy ýylyň 1-nji fewralyna çenli 100,1 milliard manada (28,6 milliard dollar) ýetdi. Читать дальше...
Ahal welaýatynyň ençeme etrabynda ýerli häkimiýetler döwlet işgärleri bilen ýygnaklary geçirip, olaryň iş ýerlerini meýletin taşlamazlygy boýunça wagyz, töwella edip başladylar.
Ahal welaýatynyň ençeme etrabynda ýerli häkimiýetler döwlet işgärleri bilen ýygnaklary geçirip, olaryň iş ýerlerini meýletin taşlamazlygy boýunça wagyz, töwella edip başladylar. Bu soňky döwür raýatlaryň alýan aýlyklarynyň gün-güzeran aýlamaga ýetmeýändigini aýdyp, býujet edaralaryndan, şol sanda harby pudagyndan hem öz islegleri bilen gidýändigi baradaky ýagdaýlaryň fonunda bolup geçýär. Ahally çeşmämiz golaýda geçirilen şeýle ýygnaklaryň birine mejbury gatnaşdyrylandygyny gürrüň berip, howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetini... Читать дальше...
“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady diýip, türkmen metbugaty bu işiň amala aşyrylýan ekologiýa başlangyçlary baradaky maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini habar berýär. Habarda bellenmegine görä, bu guramanyň esasy iş ugurlary ýurduň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge goşant goşmakdan, ýaş nesilleriň arasynda ekologiýa medeniýetini kemala getirmekden we “ýaşyl” endikleri wagyz etmekden ybarat. “Web-saýtymyzyň işe girizilmegi sanlylaşdyrma... Читать дальше...
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ikinji gün, 24-nji martda Amerikan administrasiýasynyň, söweş hereketlerini soňlajak ylalaşyga gelmek üçin, Eýrandaky "gerekli adamlar" bilen gepleşik geçirýändigini aýtdy. Tramp eýranlylaryň ylalaşyk baglaşmak isleýändigini nygtaýar. “Biz gerek bolan adamlar bilen gepleşik geçirýäris we olar ylalaşyk baglaşmagy örän isleýär, siz olaryň muny nähili güýçli isleýändigini göz öňüne-de getirip bilmeýärsiňiz” diýip, amerikan lideri Ak Tamda žurnalistler bilen bolan söhbetdeşlikde eýranlylar barada gürrüň edende aýtdy.
BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi we Uzgidromet bilen bilelikde, metjitleriň daşarky ses güýçlendirijilerini ulanmak bilen, Özbegistanda adatdan daşary ýagdaýlar baradaky duýduryş ulgamyny ornaşdyrýar. "Kursiv Uzbekistan" neşiriniň habaryna görä, bu ulgam ýedi sebiti we 6,5 million adamy öz içine alar. Aýdylmagyna görä, ýaşaýyş etraplarynyň golaýynda ýerleşýän metjitlerde ýörite enjamlar oturdylypdyr. Olaryň kömegi bilen, minaralarda we fasadlarda ýerleşýän daşarky ses... Читать дальше...
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen telefonda gürleşdi diýip, Akordanyň metbugat gullugy habar berdi. Gazagystanyň we Türkiýäniň prezidentleri söhbetdeşligiň başynda Oraza we Nowruz baýramlary mynasybetli mähirli gutlaglaryny paýlaşdylar. Türkiýäniň lideri Kasym-Žomart Tokaýewi milli referendumyň üstünlikli geçirilmegi we Gazagystanyň täze Konstitusiýasynyň kabul edilmegi bilen gutlady. “Türkiýäniň prezidenti täze Esasy kanunyň Gazagystanyň mundan beýläk hem progressiw ösüşine... Читать дальше...