Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, goňşy Eýrandan uçurylan dronlar Azerbaýjanyň Nahçywan awtonom sebitine hüjüm edip, iki adamy ýaralady.
ABŞ-nyň we Ysraýylyň güýçleri Eýrana hüjümlerini dowam etdirdiler, ABŞ-nyň Senaty bolsa prezident Donald Trampyň Kongresiň rugsady bolmazdan, Ýakyn Gündogar ýurduna garşy harby hereketleri dowam etdirmek ygtyýarlygyny çäklendirýän teklibi ret etdi.
Türkmen häkimiýetleri goňşy Eýrandaky urşy agzaman, bu ýurtdan 200-den gowrak adamyň Türkmenistana geçendigini habar berdi.
Türkmen häkimiýetleri goňşy Eýrandaky urşy agzaman, bu ýurtdan 200-den gowrak adamyň Türkmenistana geçendigini habar berdi. Şeýle-de, Azatlygyň habarçylarynyň tassykalamagyna görä, Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky ‘Artyk’ gözegçilik-geçiş nokadyndan eýýäm ençeme gün bäri garaşyp duran ýük ulaglarynyň çäkli sany goýberilip başlandy. Aşgabat 28-nji fewralda ABŞ-nyň we Ysraýylyň eýran nyşanalaryna garşy zarbalary urup başlamagyndan soň, resmi taýdan yglan etmezden, özüniň günorta goňşusy bilen serhetlerini ýapdy. Читать дальше...
Türkmenistan ýokary bilimli hünärmenleriň barha ýitileşýän ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýip, Aşgabatdaky çeşme habar berýär. Şu aralykda, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda okan we türkmen ÝOJ-laryndaka garanda has gowy bilim alan, dünýägaraýşy has giň hasaplanýan ýaşlary hem ýurtdan daşlaşdyryp, ‘beýni göçüni’ has güýçlendirýändigi öňe sürülýär. Şu gün, 5-nji martda gowşan habara görä, daşary ýurt okuw jaýlaryndan alan diplomlaryny ykrar etdirýän ýaşlaryň öňünde indi Bilim ministrligi bilen şertnama baglaşyp... Читать дальше...
Lebap welaýatynda kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryň göwreli bolmagy we çaga dogurmagy bilen bagly ýagdaýlar köpelýär diýip sebitiň saglyk edaralarynyň birnäçe işgäri habar berdi. Şeýle-de, çeşmelere görä, munuň bilen baglylykda ýaňy bolan çagalaryň söwdasyna degişli hadysalar ýüze çykýar. "Soňky aýlarda kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryň arasynda göwreli bolýanlaryň sanynyň artmagy alada döredýär" diýip, lebaply saglyk işgärleriniň biri aýtdy. Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gürrüňdeş... Читать дальше...
Yragyň Elektrik we energetika ministrligi elektrik energiýasynyň berilmeginiň doly kesilýändigini habar berdi we emele gelen ýagdaýyň sebäbini derňemäge başlady. Toguň berilmegini dikeltmegiň möhleti heniz belli däl. INA habar agentliginiň sebit energiýa bölüminiň resmilerine salgylanyp beren maglumatyna görä, elektrik togunyň kesilmeginiň bir sebäbi elektrik stansiýalaryna ýeterlik derejede gaz berilmezligi we elektrik geçirijilerine yzygiderli zarba urulmagy bilen bagly bolup biler. Şeýle-de, agentlik... Читать дальше...
Täjigistanyň 115 raýaty Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabiden çarter reýsi bilen ýurtlaryna getirildi. Azatlyk radiosynyň Täjik gullugy bu habary Täjigistanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp berdi. Çeşmäniň maglumatyna görä, “Somon Air” uçary 4-nji martdan 5-nji marta geçilýän gije Duşenbe şäherine gelip gondy. Habarlarda aýdylmagyna görä, Birleşen Arap Emirlikleriniň howa giňişligini bölekleýin açmagy ýüzlerçe daşary ýurt raýatynyň ýurduň käbir aeroportlaryndan uçup, öýlerine gaýtmagyna mümkinçilik berdi. Читать дальше...
Kuweýt kenaryndaky tankerde bolan partlamadan soň nebit döküldi diýip, Britaniýanyň Deňiz söwdasy we Gämiçilik utgaşdyrmasy edarasy (UKMTO) habar berdi. Edaranyň maglumatyna görä, bu waka 4-nji mart agşamy Kuweýtiň Mubarak al-Kabir portunyň günorta-gündogarynda, 30 deňiz mili (55,5 kilometr) uzaklykda ýüze çykdy. Kuweýtiň Içeri işler ministrligi wakanyň ýurduň territoriýa suwlaryndan daşarda, portdan azyndan 60 kilometr uzaklykda bolandygyny anyklady. Kenarda duran tankeriň kapitany UKMTO-a beren... Читать дальше...
Türkmen DIM-i 4-nji martda goňşy Eýrandan Türkmenistana 200-den gowrak adamyň girendigini, olaryň 16 ýurda degişligidini habar berdi. Eýrandan Türkmenistana geçen adamlaryň arasynda türkmen raýatlarynyň bolup-bolmandygy anyklaşdyrylmady. 4-nji marta çenli ýagdaýa görä, Merkezi Aziýa döwletleri, Hytaý, Russiýa, ABŞ, Finlandiýa, Şwesiýa, Niderlandlar, Germaniýa, Türkiýe, Saud Arabystan ýaly, 16 ýurtdan bolan 200-den gowrak adam goňşy Eýrandan Türkmenistana girdi diýip, habarda aýdylýar. Türkmenistanyň... Читать дальше...