Добавить новость
World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Май
2025
3
10
24
31

Новости за 07.05.2025

Azathabar.com 

Türkiýede tussag edilen iki türkmen aktiwisti aýrybaşga deportasiýa merkezlerine geçirildi

Türkiýede 28-nji aprelde polisiýa tarapyndan tussag edilip, şondan bäri Ankaranyň “Akýurt” deportasiýa merkezinde saklanýan türkmen aktiwistleri Alişer Sahatow we Abdulla Orusow 6-njy maýda başga deportasiýa lagerlerine geçirildi. Degişlilikde YouTube we TikTok platformalarynda türkmen hökümetine garşy tankydy çykyşlary bilen tanalýan bloggerlerden Sahatow Edirne şäherindäki, Orusow bolsa, Kyrklareli şäherindäki deportasiýa lagerlerine göçürildi. Alişer Sahatowyň aýaly Gülala Hasanowa Türkmenistana... Читать дальше...

Azathabar.com 

Balkanabat, Türkmenbaşy şäherlerinde elektrik energiýasynyň üpjünçiligi ýygy-ýygydan bökdelýär

Şu günler Balkan welaýatynyň Balkanabat we Türkmenbaşy şäherleriniň ýaşaýjylary elektrik energiýasy bilen üpjünçiligiň ýygy-ýygydan bökdelmegine şaýat bolýarlar. Şeýle bökdençlikler hatda prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu sebite amala aşyran iş saparynyň dowamynda hem gaýtalandy. Ýerli ýaşaýjylar, hususan-da, ýokary derejeli saparlaryň dowamynda bu hili kemçilikleriň hasaba alynmagynyň problemanyň soňky ýyllarda has-da ýitileşmeginden habar berýändigini aýdýarlar. “Geçen hepdäniň ikinji ýarymynda Balkanabatda alty gezek... Читать дальше...

Azathabar.com 

Pakistan “uruş hereketine” jogap berjekdigini söz berýär

Pakistanyň premýer-ministri Şahbaz Şarif Hindistanyň amala aşyran howa zarbalarynda birnäçe adamyň heläk bolmagyndan soň, öz ýurdunyň muňa jogap berjekdigini aýtdy. Ýadro ýaraglaryna eýe bolan iki sebitleýin güýçleriň arasynda dartgynlylyk barha ýokarlanýar. Pakistanyň Milli Howpsuzlyk Komitetiniň 7-nji maýda geçirilen gyssagly ýygnagynda ýurduň ýaragly güýçleriniň jogap bermäge ygtyýarlyk alandygy barada karar kabul edildi. Mundan birnäçe sagat öň, Hindistanyň güýçleri Kaşmiriň Pakistanyň gözegçiligindäki... Читать дальше...

Azathabar.com 

Pagtaçylykdaky mejbury zähmet maýda, 'ýekeleme döwründen ulanylyp başlandy'

Türkmenistanda esasan pagta ýygymy möwsüminde köpçülikleýin ulanylýan mejbury zähmet indi gowaça ýekelemek, otag döwürlerinde, has ir ulanylyp başlandy, bu ýagdaý býujet işgärlerinde, ene-atalarda uly alada döredýär diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Bu maglumatyň esasy aýratynlygy gowaça meýdanlarynda ir başlanan agyr zähmet üçin hiç hili hak, töleg tölenmezliginden ybarat. Bu çäre oba hojalyk ministriniň geçen hepde Bereket, Gyzylarbat etraplarynyň gowaça meýdanlaryny aýlanyp, welaýat häkimini berk tankytlamagy bilen baglanyşdyrylýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ bilen huthileriň arasynda ýaraşyk gazanyldy

ABŞ bilen Ýemeniň huthi güýçleriniň arasynda ýaraşyk gazanyldy. Bu barada Oman soltanlygynyň daşary işler ministri Badr bin Hamad Al-Busaidi habar berdi. Maglumata görä, gazanylan ylalaşyga laýyklykda, ABŞ bilen huthiler biri-birine garşy hüjüm etmeli däl. Bu düzgün Birleşen Ştatlaryň Gyzyl deňizdäki we Bab-el-Mandep bogazyndaky gämilerini hem öz içine alýar. Omandan edilen beýanatda huthileriň Ysraýyla garşy hüjümlerini hem bes edip-etmejegi aýdyňlaşdyrylmaýar. Bu habardan az salym öň, ABŞ-nyň prezidenti... Читать дальше...

Azathabar.com 

Hindistan Pakistanyň territoriýasyna zarba urdy, iki tarap hem asuda ilatyň ýitgileri barada habar berýär

7-nji maýda Pakistan Hindistanyň Ýaragly güýçleriniň raketa zarbalary netijesinde sekiz adamyň ölendigini habar berdi we bu hüjümleri “açyk uruş hereketi” hökmünde häsiýetlendirdi. Bu wakalar, geçen aý Kaşmiriň Hindistan tarapyndan dolandyrylýan sebitinde bolan hüjümde 26 hindu syýahatçynyň öldürilmeginden soň, ýadro ýaragly goňşy ýurtlaryň arasynda dartgynlylygyň artmagyna sebäp boldy. Hindistan hüjümiň jogapkärçiligini düýbi Pakistanda ýerleşýän jeňçileriň üstüne ýükledi; Pakistan muňa gatyşygyny inkär etdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Moskwa, Tula, Saransk şäherlerine pilotsyz uçar hüjümi edildi

Moskwa, Tula we Saransk 7-nji maýa geçilýän gije pilotsyz uçar hüjümlerine sezewar bolandygyny habar berdi. Deslapky maglumatlara görä, pilotsyz uçarlar Tuladaky harby desgalara hüjüm etdi, Saranskde optiki süýüm öndürýän zawodda ýangyn döredi. Mordowiýanyň başlygy Artem Zdunow Saranskda "pilotsyz uçar howpuny" yglan etdi. Duýduryş ulgamy işledildi. Resmi howpsuzlyk düzgünlieriniň berjaý edilmegine çagyrdy. “Astra” telegram kanaly ýerli ýaşaýjylar tarapyndan düşürilen wideony çap etdi, onda uly tüsse sütünleri görünýär. Читать дальше...


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus