Daşoguz welaýatynyň merkezi şäherinde täze döredilýän 4-nji saglyk öýüne saglyk işgärlerini işe almak prosesi geçirilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu saglyk öýüne işe ýerleşmek üçin, saglyk işgärleriniň resmilere müňlerçe dollar möçberinde para bermeli bolýandyklaryny anyklamagy başardylar.
Lebapda uçar we otly biletleriniň ýetmezçiligi ýitileşýär. Ýolagçylar uçara bilet tapdyrmaýandygyny, onlaýyn elýeterli bolmadyk otly biletlerini satyn almak üçin-de, onuň döwlet bahasynyň üstüne ýene 50%-ni para hökmünde bermäge mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.