Şu günler Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň orta mekdeplerinde Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň portretlerini, şeýle-de ýylyň şygarlary ýazylan plakatlary satyn almak üçin, mugallymlardan pul toplanýar.
Türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen swap arkaly iberilmegi Eýrana garşy girizilen sanksiýalary bozmaýar diýip, “Interfaks – Azerbaýjan” habar agentligi Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimowyň sözlerini sitirleýär.