Mary şäherinde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli döwlet telewideniýesine öňünden reportažlary taýýarlamak üçin köpçülikleýin çäreleriň ýene biri geçirildi. Çärä talyp ýaşlarynyň ýüzlerçesi mejbury gatnaşdyryldy.
Balkan welaýatynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli arzan bahadan satuwa çykarylýan harytlaryň hili adamlary lapykeç edýär. Ilata çüýräp, zaýa bolan harytlar satylýar. Bu aralykda, hususyýetçilerde azyk önümleriniň bahasy gymmatlaýar.