Pagta ýygym möwsüminiň ahyrky günlerinde, pagtaçy kärendeçileri 2023-nji ýylyň pagta hasylyndan alan ýyllyk girdejileriniň ujypsyz bolandygyny aýdýarlar.
Gyş paslynyň ilkinji hepdelerinde Türkmenistanyň dürli sebitlerine sowuk howa akymynyň aralaşmagy bilen, Mary welaýatynyň şäher we oba ýerlerinde ýyladyş ulgamlary kanagatlanarly işlemeýär.
Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde howanyň temperaturasynyň birden ep-esli aşaklamagy bilen, ilatly nokatlaryň infrastruktura ulgamlarynda bökdençlikler ýüze çykýar.
Aşgabadyň häkimiýetleri munuň bilen bagly geçiriljek dabaralara gatnaşjak “owadan” çagalary saýlap alyp başladylar. Ene-atalaryň köpüsi häkimiýetleriň bu çärelerini çagalary kemsidip, olaryň psihiki saglygynda ömürlik yz galdyrjak “absurd” hereket häsiýetlendirýär.
Balkanda din wekilleri ilat arasynda Täze ýyl baýramçylygyna garşy wagyz-nesihat işerini güýçlendirýärler. Bu waka, Lebapda döwlet edaralarynyň öňünde täze ýyl arçasyny oturtmak däbiniň çäklendirilýändigi baradaky maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.