Aşgabadyň döwlete degişli söwda dükanlarynda alyjylara tarakanly çörek satylýar. Mundan başga-da, alyjylar bu çöregiň ýany bilen ýaramlylyk möhleti geçen harytlary satyn almaga mejbur edilýärler. Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi bu düzgün bozulmalar barada degişli resmilere edýän şikaýatlarynyň oňyn netije tapmaýandygyny aýdýar. “Ilatyň irden, uzyn nobatlarda garaşyp alýan çörekleriniň arasyndan tarakanlar çykýar. Alyjylar çöregi satyn alyp gelensoň, ony öýe salman, daşarda tarakanlaryny kakyşdyryp öýe girmeli bolýarlar. Читать дальше...
Türkmenistanyň orta mekdeplerinde tomusky dynç alyş möwsüminiň başlamagy bilen, ýurtda dilegçilik edýän, hususan-da, şäherara we etrabara awtoulag ýollarynyň ugrunda sürüjilerden çörek we suw soraýan çagalar köpelýär. Bu barada garaşsyz neşir “Turkmen.news” habar berýär. “7-14 ýaş aralygyndaky köp çaga Aşgabat-Bäherden awtoulag ýolunyň ugrunda dilegçilik edýär. Olaryň hemmesi golaý-goltumdaky obalarda ýaşaýandyklaryny aýdýar” diýip, neşir ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 13-nji iýunda çap eden maglumatynda aýdýar. Читать дальше...
Hazar deňziniň boýundaky Guwlymaýak, Gyýanly, Garabogaz şäherlerinde we Türkmenbaşynyň töweregindäki käbir obalarda suwa düşmek we umuman deňiz kenaryna barmak gadagan edilýär. Ýerli ilatyň yssy howada deňizden näme sebäpli peýdalanyp bilmeýändigini düşündirmeýän häkimiýetler, käbirler ýerlerde onlarça kilometr kenarýaka meýdany ýapmak boýunça iş alyp barýarlar. Guwlymaýakda we Gyýanlyda dynç almaga gelýänler üçin kiçi myhmanhanalar we myhman öýleriniň ençemesi bar. Deňiz boýundaky bu ýaşaýyş... Читать дальше...
Türkmenistanyň dürli sebitlerinde gallaçy kärendeçiler pes hasylly bugdaý meýdanlarynda orak möwsümini geçirýän mahaly, prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda, görnüşinden, ýörite saýlanyp alnan bol hasylly bugdaý meýdanynda galla oragynyň depgini bilen tanyşdy.
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ilatyň we awtoulaglaryň hereketi ýiti çäklendirilip, gözegçilik güýçlendirildi. Hazar deňziniň türkmen kenarynda aýal-gyzlara ýapyk eşikde suwa düşmek tabşyryldy. Bu çäreleriň ählisi “Awaza - 2023” atly halkara tans we folklor festiwalynyň açylyş dabarasy bilen bagly boldy. Bu aralykda, Mary welaýatynda Medeniýet hepdeligine bagyşlanan köpçülikleýin çäre geçirildi. Oňa edara-kärhanalaryň işgärleri mejbury gatnaşdyryldy.
Bu ýyl türkmenistanly haj zyýaratçylaryny Saud Arabystanyna ugratmak üçin ýygnanyşyk nokady hökmünde paýtagtyň Hezreti Omar metjidi saýlanyp alyndy. Zyýaratçylaryň ilkinji topary 14-nji iýunda Aşgabatdan mukaddes Mekge we Medine şäherlerine tarap ýola düşdi. Ozalky ýyllarda zyýaratçylaryň paýtagtyň halkara howa menzilinden ugradylmagyna rugsat berilýärdi. Ýöne bu ýyl ýygnanyşyk nokadynyň ýeri üýtgedildi. “Bu ýyl haj zyýaratçylaryny aeroportdan ugratmaga rugsat berilmedi. Olar bilen metjitde hoşlaşdylar” diýip... Читать дальше...
Türkmenistanda tomsuň yssy günleri dowam edýär. Halkara neşir ýurduň käbir sebitlerde, hususanda Ahalda, Lebapda we Maryda howanyň gyzgynlygynyň 45 gradusa çenli galjakdygyny duýdurýar. Jokrama yssyda könelişen elektrik enjamlary artan talaba döz gelip bilmän, ýurduň gür ilatly sebitlerinde elektrik togunyň köpçülikleýin kesilmegine, ýa-da onuň kuwwatynyň göz-göretele peselmegine sebäp bolýar. Azatlygyň habarçysy iýunyň ortasynda ýurduň dürli sebitlerindäki elektrik üpjünçiliginiň ýagdaýy we onuň... Читать дальше...
Mary welaýatynda howanyň temperaturasy gündizlerine 40 gradusdan aşýan şu günlerde, Baýramaly etrabynyň ýaşaýjylarynyň agyz suw üpjünçiligi kesildi. Ýerli häkimiýetler ençeme gün bäri dowam edýän bökdençligiň sebäplerini düşündirmezden, ilatyň agyz suw üpjünçiligini etrapçalara suw ulaglaryny ibermek bilen ýola goýmaga çalyşýarlar. Ýöne çäkli möçberde iberilýän suw ulaglary hem, ýaşaýjylaryň talabyny ödäp bilmeýär. “Baýramaly etrabynyň we şäheriniň ilatyna indi 10 gün bäri agyz suwy kadaly berilmeýär. Читать дальше...
Mejlis, gazak parlamentiniň aşaky öýi 14-nji iýunda daşary ýurt banklaryna bikanun geçirilen maliýe emläklerini yzyna gaýtarmak baradaky kanun taslamasyny tassyklady. Indi ol taslama prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň täze kanuna gol çekmegi üçin Senat, parlamentiň ýokarky öýi tarapyndan tassyklanylmaly. Bu kanun taslamasy Tokaýewiň 2022-nji ýylyň ýanwarynda ýurdy sarsdyran halk protestlerinden soň başlan reformalarynyň çäginde taýýarlandy. Gazagystanlylaryň köpüsi bu kanuna şübheli garaýarlar... Читать дальше...
Hökümetiň geçen ýyl ýurduň köp sebitinde demonstrasiýalara sebäp bolan suw meselesiniň çözülendigini aýtmagyna garamazdan, tähranlylar suwuň tapgyr bäşinji gün berilmeýändigini habar berdiler. Energetika ministri Ali Akbar Mehrabian 13-nji iýunda meseläniň çözülendigine garamazdan, ýaşaýjylaryň suwy derejeler kadaly ýagdaýa gelýänçä, mümkin boldugyça kän tygşytlamalydygyny aýtdy. Ministrlik geçen hepde süýşen uly daş bölekleriniň we läbigiň Täjran derýasyna dolup, suw joşmasyna sebäp bolandygyny... Читать дальше...
Gyrgyzystan Merkezi Aziýada aýal migrant işçileriň sany erkekleriň sanyndan geçýän ýeke-täk ýurt bolup durýar, şol bir wagtyň özünde, migrantlaryň uly göterimi 20 ýaşa ýetmedik gyzlardyr. Käbir syýasatçylar daşary ýurt pullaryna bagly maşgalalardan, durmuşa çykmadyk ýaş gyzlara ýekelikde ýurtdan çykyp işe gitmegine çäklendirme girizmekçi bolýar. Syýasatçylaryň aýtmagyna görä, zähmet migrasiýasy bilen bagly köplenç ýagdaýda, gyzlar ezilişe duçar bolýarlar we başga kynçylyklara duşýar. Geçen... Читать дальше...
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň daşky gurşawa ýetirýän täsirlerine bagyşlanan ylmy maslahat geçirilýär, onuň esasy maksady uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek we zyňyndylaryň daşky gurşawa ýaýramagyny azaltmak bolar diýip, türkmen metbugaty habar berýär. “Turkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen milli energiýa kompaniýalarynyň gurnan maslahatyna 20 ýurtdan 800-den gowrak wekiliýet toplandy. Bu habar Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyndan... Читать дальше...