10-njy iýunda Pakistanyň demirgazyk-günbatar sebitlerinde güýçli ýagynyň netijesinde ençeme ýaşaýyş jaýy weýran boldy, şeýle-de azyndan 20 adam heläk boldy we başga-da 80 töweregi ýaralandy. Bu barada ýerli resmiler maglumat berdi. Ýagyn Khyber Pakhtunkhwa welaýatynyň etraplaryna has köp zyýan ýetirdi. Harasatda baglar agdy we elektrik sütünleri ýykyldy. Pakistanyň premýer-ministri Şehbaz Şarif heläk bolanlar bilen bagly gynanç bildirdi.
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 10-njy iýunda ýurduň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça täze ministrini belledi. Mundan birnäçe sagat öň, ozalky ministr ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky heläkçilikli tokaý ýangynlary bilen ilteşikli wezipesinden boşadyldy. Bu wezipe Ýuriý Ilýinden 56 ýaşly Syrym Şariphanowa geçdi. Gazagystanyň gündogarynda sebitleýin adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Tokaý ýangynlarynda azyndan üç ýangyn söndüriji öldi. Abaý regionynyň töwereginde ýangyn 60 müň gektar tokaý meýdanyny ýok etdi.
Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany edebiýat dünýäsine syýahat edýär we hyýaly giňişliklerden dörän çeper hakykat we edebi ýadygärlikler barada gürrüň gozgaýar.