Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabatda ilata tarakanly çörek satylýar

Aşgabadyň döwlete degişli söwda dükanlarynda alyjylara tarakanly çörek satylýar. Mundan başga-da, alyjylar bu çöregiň ýany bilen ýaramlylyk möhleti geçen harytlary satyn almaga mejbur edilýärler. Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi bu düzgün bozulmalar barada degişli resmilere edýän şikaýatlarynyň oňyn netije tapmaýandygyny aýdýar.


“Ilatyň irden, uzyn nobatlarda garaşyp alýan çörekleriniň arasyndan tarakanlar çykýar. Alyjylar çöregi satyn alyp gelensoň, ony öýe salman, daşarda tarakanlaryny kakyşdyryp öýe girmeli bolýarlar. Bolmasa, tarakanlar öýe-de ýaýraýar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy 15-nji iýunda gürrüň berdi.


Ýaşaýjylaryň sözlerine görä, käte dükanlaryň çörek saklanýan ýerlerinde syçanlary hem görse bolýar. Üstesine-de, alyjylar bu çöregiň ýany bilen ýaramlylyk möhleti geçen harytlary hem satyn almaly bolýarlar.




“Adam başyna üç çörek berilýär. Olaryň her biri 1 manada barabar bolup, üç çörek üç manada düşýär. Ýöne ýaşaýjylar subsidirlenen bahadan satylýan tarakanly çöregiň ýany bilen ýaramlylyk möhleti geçen kofe ýa-da Türkmenistanda öndürilen ‘Ýunus’ atly sakgyç üçin-de 2 manat tölemeli bolýarlar” diýip, ýaşaýjy aýtdy.


Bu ýagdaýlara Aşgabadyň Bagtyýarlyk, Berkararlyk we Köpetdag etraplaryndaky döwlet dükanlarynyň tas ählisinde synlasa bolýar.


Ýurduň Söwda we daşary aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky bu dükanlaryň işgärleri ýaramlylyk möhleti geçen harytlary almakdan ýüz öwren alyjylara çöregi satmaýarlar.


Ýokardaky ýagdaýlara garamazdan, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysynyň sözlerine görä, ilat arasynda bu çörege bolan talap ýokary bolmagynda galýar.


“Işsizligiň, hyzmatlaryň we harytlaryň gymmatçylygynyň arasynda, köp hojalyk döwlet dükanlarynyň harytlaryna garaşly bolup galýar” diýip, habarçy aýtdy.


Şol bir wagtda, ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi bularyň adam saglygyna zyýan ýetirip biljekdigine ünsi çekip, alyjylaryň hukuklarynyň bozulýandygyny we degişli edaralara arz-şikaýat bilen ýüzlenýändigini aýdýar. Ýöne olar bu düzgün bozulmalara alyjylaryň hukuklaryna gözegçilik edýän edaralaryň hem göz ýumýandygyny belleýärler.




“Bu ýagdaýlara gözegçilik etmek etrap häkimlikleriniň söwda bölümleriniň, etrap alyjylar jemgyýetleriniň, paýtagtyň döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, galyberse-de, prokuraturanyň işgärleriniň wezipe borçlaryna girýär. Ýöne bular-da bu düzgün bozulmalara göz ýumýarlar. Şol sebäpli ýaşaýjylaryň bu barada yzygiderli edýän şikaýatlary oňyn netije tapmaýar” diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz aýtdy.


Azatlyk ýokarda aýdylanlar barada agzalan döwlet edaralaryndan kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 15-nji iýunda telefon arkaly eden synanyşyklary oňyn netije tapmady.


Türkmenistanyň bazarlarynda we döwlet dükanlarynda zaýalanan ýa-da ulanyş möhleti geçen azyk önümleriniň satuwa çykarylmagy bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar.


Apreliň başynda Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň bazarlarynda satylýan ýumurtgalaryň zaýa çykmagy bilen bagly wakalaryň köpelen mahalynda, azykdan zäherlenip, hassahana ýüz tutýan adamlar göz-görtele köpeldi. Şonda ýeli lukmanlar olaryň aglabasynyň ýumurtgadan zäherlenýändigini aýdypdylar.


Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri bu ýagdaýlar we munuň ilatyň saglygyna ýetirýän täsirleri barada hiç zat aýtmaýarlar.​




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus