Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde onlarça ýaşaýjynyň bir seýilgähiň we çagalaryň oýun meýdançasynyň ýykylmagyna garşy protest aksiýasyny geçirmeginiň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri bu ýer bölekleri, olarda alnyp barylýan täze gurluşyklar we olaryň satuwy barada käbir maglumatlary berdiler. "Soňky ýyllarda welaýatyň Ýer serişdeleri gullugy we Türkmenabat şäher häkimligi etrapçalardaky köp gatly jaýlaryň arasynda ýerleşýän seýilgähleri we çagalaryň oýun meýdançalaryny ýykmak çärelerini güýçlendirdiler. Читать дальше...
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde köçelerdäki haýwanlara garşy ýowuzlyk gaýtadan güýçlendi. Öňkülerden tapawutlylykda, bu gezek häkimiýetler itleri we pişikleri zäherläp öldürmek çärelerini gizlin amal edýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we haýwanlary goraýan aktiwistler maglumat berýärler. "Türkmenabatda galan itleriň we pişikleriň ýok edilmegi dowam edýär. Nobatdaky köpçülikleýin bu çäre Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda başlandy we soňky günlerde hem dowam edýär" diýip, habarçy 24-nji martda aýtdy. Читать дальше...
Türkmenistanly migrant Ruslan bikanun esasda Türkiýede ýaşaýar we işleýär. Onuň pasportynyň möhleti gutardy. Ol resminamalarynyň ýoklugy sebäpli az aýlykly işde zähmet çekmäge mejbur bolýar. Stambuldaky türkmen konsulhanasy oňa täze pasport bermekden ýüz öwürýär. Häzirki wagtda köp migrant bu ýagdaýy başdan geçirýär.
Moldowanyň prezidenti Maýa Sandu döwlet diliniň adyny “moldowan dili” diýip däl-de, “rumyn dili” diýip atlandyrmak baradaky karara gol çekdi. Ýurduň parlamenti bu karary geçen hepde tassyk etdi. Döwlet diliniň adyny üýtgetmek baradaky kanun taslamasy parlamente fewral aýynyň ahyrynda hödürlendi. Maýa Sandu öz Facebook sahypasynda rumyn diliniň jemgyýeti pugtalandyrmaga we onuň Ýewropa Bileleşigine gatylyp-garylmagyna itergi berjekdigini aýtdy. “Bize onlarça ýyllap biz, Moldowa Respublikasynyň raýatlary rumynça däl-de... Читать дальше...