17-nji dekabrda Türkmenistanda tutuş ýurt boýunça ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy başlandy. Bu barada hökümetçi "Turkmenportal" neşiri habar berýär. "Ilat ýazuwy ýörite okuwlary geçen hasaplaýjylar tarapyndan sowal-jogap geçirmek hem-de elektron ýazuw resminamalaryny doldurmak arkaly amala aşyrylýar. Ilat ýazuwyny geçirijileri olaryň ýörite şahadatnamasy, keltekçesi hem-de ýaşyl reňkli, ilat ýazuwynyň nyşany şekillendirilen ýaşyl torbasy boýunça tanap bolýar" diýip, neşir ýazýar. Читать дальше...
Rus senatory Aleksandr Başkin Russiýanyň Türkmenistandan Azerbaýjana Transhazar gaz geçirijisiniň gurulmagyna ýol bermejekdigini aýtdy. Bu barada "Turkmen.news" neşiri Astrahanyň "Ast-News" websaýtyna salgylanyp, 16-njy dekabrda habar berdi. Başkin günbatarly bilermenleriň türkmen gazynyň Bakuwdan Türkiýä we ol ýerden Ýewropa akyp biljekdigini, munuň bolsa Ýewropanyň rus gazyna bolan garaşlylygyny azaltmaga kömek edip biljekdigini çaklaýandygyny aýtdy. Ýöne ol Hazarýaka döwletleriniň bäşisi tarapyndan... Читать дальше...
Dekabr aýynyň ilkinji on gününde Özbegistan energiýa krizisine sezewar boldy. Ýurduň ähli ýerlerinde elektrik energiýasynyň birnäçe sagatlap öçürilmegini we ýangyç guýulýan stansiýalarynda uzyn nobatlaryň döremegini görüp bolýar. Jemgyýetçilikdäki bu dartgynly pursatda Daşkent şäheriniň baş ymamy Rahmatulla Saýfiddinow çykyş edip, ilatyň minnetdar we sabyrly bolmalydygyny nygtady. Ol "ata-babalaryň elektriksiz we gazsyz ýaşandygyny" belledi we musulmanlary bu meseläni sosial ulgamlarda gozgamak... Читать дальше...