Dekabr aýynyň ilkinji on gününde Özbegistan energiýa krizisine sezewar boldy. Ýurduň ähli ýerlerinde elektrik energiýasynyň birnäçe sagatlap öçürilmegini we ýangyç guýulýan stansiýalarynda uzyn nobatlaryň döremegini görüp bolýar.
Jemgyýetçilikdäki bu dartgynly pursatda Daşkent şäheriniň baş ymamy Rahmatulla Saýfiddinow çykyş edip, ilatyň minnetdar we sabyrly bolmalydygyny nygtady. Ol "ata-babalaryň elektriksiz we gazsyz ýaşandygyny" belledi we musulmanlary bu meseläni sosial ulgamlarda gozgamak bilen "bütin dünýäniň öňünde ýurdy masgara etmezlige" çagyrdy. Ruhany "howsala, bidüzgünçilikler we protestler problemalary çözüp bilmez" diýip duýduryş berdi.
Özbegistanyň paýtagtynyň ymamynyň bu çykyşy jemgyýetçilik aktiwistlerinde nägilelik döretdi.
Žurnalist Umid Soriýew özüniň Facebookdaky teswirinde: "Ýene-de minnetdarlyga, sabyrlylyga çagyrmak we ählisini öz modeline laýyk getirmek üçin adamlary dogry ýoldan çykarmak kampaniýasy bat alýar. Muny derrew bes etmeli. Munuň öňüni almak üçin nägileligimizi bildirmeli we ýazmaly" - diýip belleýär.
Žurnalistiň pikiriçe, ymam "ýönekeý adamlary gulçulyga we boýun egmäge höweslendirýär".
Raýat aktiwisti Musannif Adhamyň pikiriçe, "ýylyja metjitde oturyp, gijelerine ýangyç guýulýan stansiýalarda sowukdan titräp öz nobatyna garaşýan we garaňkyda ýören adamlary minnetdarsyzlykda günäkärlemegiň we olary hiç soňy bolmadyk kynçylyklara "çydamaga" çagyrmagyň özi Hudaýa dil ýetirmekdir we dini satmak bilen gazanç etmekdir."
“Platforma.uz” telegram kanaly şu gün “syýasatçylaryň namaz okaýan mollalara, ruhanylaryň bolsa geosyýasatçylara öwrülýändigini” ýazdy.
Sosial mediany ulanýanlar, paýtagtyň baş ymamyna gönükdirilen habarlarynda tankyt edilmeli halk däl-de, eýsem tomusda gyş möwsümine taýýarlyk görmek üçin çäre görmedik resmilerdir diýip ýazdylar.
Geçen ýyl Daşkent şäheriniň baş ymamy wezipesine bellenen Rahmatulla Saýfiddinow ozal hem sosial temalarda jedelli leksiýalary bilen sosial ulgamlarda çekişme döredýärdi.
2018-nji ýylda Daşkentdäki "Mirza Yusuf" kafedral metjidiniň şol wagtky ymam-hatyby bolan Rahmatullo Saýfuddinow anna namazynda wagyz edip, erkek ginekologlar ýaly "utandyryjy hadysadan" dynmaga çagyranyndan soň özüni giňden tanatdy. Şeýle hem, ol türk teleseriallarynyň özbek milletiniñ genofondyna zyýanly täsir ýetirýändigini aýtdy. Ymam Saýfuddinow wagyz wagtynda “jyns gatnaşyklary wagtynda ärleri hakda däl-de, eýsem türk teleseriallarynyň owadan aktýorlary barada pikir edýän aýallardan geý çagalaryñ dogulýandygyny” aýtdy.
Emma Daşkent şäheriniň baş ymamy, çuňňur energiýa krizisi wagtynda ilaty sabyrly we minnetdar bolmaga çagyrýan ilkinji we ýeke-täk ruhany däl. Özbegistanda resmi ymamlaryň jemgyýetçilik-syýasy temalara degişli edýän wagyzlar Din işleri ministrligi we Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Dini işler boýunça komiteti tarapyndan utgaşdyrylýar diýlip hasap edilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.