Türkmenistanda aýal-gyzlara garşy ulanylýan zorlugyň we äsgermezligiň nobatdaky pidasy bolan 21 ýaşly Bägüliň ölümi, ençeme ýylyň geçendigine garamazdan, şindi hem açyk we doly derňelmeýär. Ol Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň “Berkarar” obasynda ýaşaýardy. 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda öz janyna kast eden gyzyň garyndaşlary Azatlygyň habarçysyna bu işiň doly derňelmegi, ony özüni öldürmäge mejbur eden adamlaryň jogapkärçilige çekilmegi üçin alty ýyllap eden tagallalarynyň hiç bir netije bermändigini gürrüň berdiler. Читать дальше...
Birleşen Milletler Guramasynyň başlygy Antonio Guterriş Pakistanyň weýrançylykly we betbagtçylykly suw joşmalaryndan iň agyr çeken günorta-gündogar Sindh welaýatyna sapar edip, halkara jemgyýetçiligini Pakistana “köpçülikleýin”maliýe we gumanitar ýardamlaryny ibermäge çagyrdy. Guterriş bilen bilelikde sebite sapar eden pakistan premýer-ministri Şehbaz Şarifiň edarasy tarapyndan ýaýradylan wideoýazga görä, Guterriş Sindhe baryp düşenden soň “şeýle agyr betbagtçylygy görüp, täsirlenmezlik kyn” diýdi. Читать дальше...
Birleşen Ştatlar Russiýany ýaňy-ýakynda ýeke adamlyk kamera geçirilen tussaglykdaky oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň derhal boşatmaga çagyrýar. “Birleşen Ştatlar rus hökümetiniň Alekseý Nawalnynyň hukuklaryna barha köp, eden-etdilikli goşulmagyndan çuňňur aladalanýar” diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Ned Praýs 9-njy sentýabrda aýtdy. Nawalny 8-nji sentýabrda ýazan twitlerinde türme häkimiýetleriniň özüni “şärikler bilen aragatnaşyk saklamakda” we türmede jenaýatçylykly hereket bilen meşgullanmakda aýyplap... Читать дальше...