Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Sowet Soýuzynyň ilkinji we soňky prezidenti Mihail Gorbaçowyň syýasy mirasy we Türkmenistan baradaky söhbetlerimizi diňläp, öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys. Eger-de gepleşige ‘laýk’ goýsaňyz we ony paýlaşsaňyz, Türkmenistanda ýapyk meseleleriň has köp adama ýetmegine kömek ederdiňiz.
Türkmenistanda täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, Aşgabadyň orta mekdeplerinde sapaklar global pandemiýadan öňki tertipde okadylyp başlandy. Şol bir wagtda, klaslarda okuwçylardan maska dakynmak talaby saklanyp galýar. Bu aralykda, hökümetçi "Türkmenportal" neşiri ýurduň bilim edaralarynyň sanitariýa düzgünleriniň berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirjekdigini habar berýär.
Mary welaýatynda býujet işgärleri Garagum, Türkmengala we Sakarçäge ýaly sebit merkezinden daşda ýerleşýän etraplara ýatymlyk pagta ýygmaga ugradylýarlar diýip, Mary welaýatyndaky habarçymyz 2-nji sentýabrda habar berdi.
Türkiýede okamak isleýän Türkmenistanyň raýatlary dokumentleriň, dürli resminamalaryň ençemesini, suratlary we bileti öz içine alýan sanawa görä talaby berjaý edip, Aşgabatdaky türk ilçihanasyna ýüz tutmaly. Onlaýn neşiriň habaryna görä, zerur resminamalaryň sanawy Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňündäki maglumat tagtasynda ýerleşdirilipdir. Türkiýe, türkmeni raýatlarynyň okuw ýa-da zähmet migrasiýasy üçin iň köp saýlaýan ýurtlardan biridir.
Türkmenistanda täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, Aşgabadyň orta mekdeplerinde sapaklar global pandemiýadan öňki tertipde okadylyp başlandy. Şol bir wagtda, klaslarda okuwçylardan maska dakynmak talaby saklanyp galýar. Bu aralykda, hökümetçi "Türkmenportal" neşiri ýurduň bilim edaralarynyň sanitariýa düzgünleriniň berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirjekdigini habar berýär. "Paýtagtyň ençeme orta mekdebinde, şol sanda 55-nji mekdepde sapaklar global pandemiýadan öňki tertipde okadylyp başlandy. Читать дальше...
ABŞ BMG-niň Hytaýyň günbatar Sinjiaň sebitinde adamzada garşy jenaýat edýän bolmagynyň ähtimallygy barada çap eden hasabatyny gutlady. ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 1-nji sentýabrda eden çykyşynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary wezipesindäki möhletini tamamlaýan Mişel Baçeletiň hasabatynda Hytaýyň uýgurlar we beýleki azlyklar babatyndaky "elhenç çemeleşmesiniň" ýokary derejede beýan edilendigini aýtdy. Ol bu hasabat biziň "Hytaýyň hökümet häkimiýetleriniň aglaba köplügi... Читать дальше...
Türkmenistanyň sebitleriniň ählisinde şu gün güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Adatça bolşy ýaly, ekişiň başlanmaly güni ýurduň prezidenti tarapyndan kesgitlenildi, Serdar Berdimuhamedow 26-njy awgustda geçiren hökümet mejlisinde, öňki prezidentlerden galan däbe eýerip, bugdaý ekişine girişmäge ak pata berdi. Bu Türkmenistanda oba hojalyk çäreleriniň sahnalaşdyrylmagynyň, mart aýynda hem bolşy ýaly, üýtewsiz dowam etdiriljekdigini aňladýar. Hökümetçi “Türkmenportal” neşiriniň ýazmagyna görä... Читать дальше...