Bütindünýä saglyk guramasy soňky 24 sagadyň dowamynda 294 237 täze COVID-19 hadysasynyň hasaba alnandygyny habar berdi. BMG-niň saglyk guramasy 15-nji awgustda çap edilen ýagdaý hasabatynda dünýädäki koronawirus näsaglarynyň umumy sanynyň 21 milliondygyny aýtdy. Hasabatda COVID-19 bilen baglanyşykly ýene 9 985 adamyň ölendigi, dünýäde bu dertden ýogalanlaryň sanynyň 755,786-a ýetendigi aýdylýar. BSG-nyň maglumatlarynda diňe resmi taýdan tassyklanan näsaglyklar we ölümler bar, hakykatda keselçilikde hem... Читать дальше...
26 ýyllap häkimiýet başynda bolan awtoritar lideriň işden çekilmegine edilýän basyşlaryň güýçlenmegi bilen, 16-njy awgustda Minskde we beýleki belarus şäherlerinde prezident Aleksandr Lukaşenka dawaly saýlawlarda üstün çykdy diýleli bäri başlanan oppozisiýa protestleriniň iň ulusynyň gurnalmagyna, köçelere has kän adamyň çykmagyna garaşylýar. Erkinlik üçin milli ýöriş Belarusyň paýtagtynda Lukaşenka üçin geçirilen ýörişden birnäçe sagat soň geçiriler. Şu aralykda döwlet edara-kärhanalarynlarynda... Читать дальше...
ABŞ-nyň Döwlet departamenti Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň hökümetlerini garaşsyz žurnalist Bobomurod Abdullaýewi tussaglykdan boşatmaga çagyrdy. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri býurosynyň beýanatynda Bişkekdäki we Daşkentdäki resmilere söz we hereket azatlygynyň esasy adam azatlyklaryndan biridigi ýatladylýar. “Söz azatlygy we hereket azatlygy işleýän demokratiýa üçin esasy adam hukuklarydyr. Biz Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň hökümetlerini öz borçlaryny ýerine ýetirmäge... Читать дальше...
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Türkmenistanyň Demirýol edarasyna salgylanyp, ýurtdaky ýolgaçy otlularynyň gatnawlarynyň 1-nji sentýabra çenli togtadylýandygyny habar berýär. Şol bir wagtda,resmi bildirişde aýdylmagyna görä, “Aşgabat şäherine gelýän we welaýatara gatnaýan ýolagçylar üçin 2020-nji ýylyň 10-njy awgustyndan başlap, saglyk kepilnamasy esasynda hereket etmek düzgüni girizilýär”. Şeýle-de, ýolagçy gatnawlarynyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyndaky... Читать дальше...
Ysraýyl 16-njy awgustda, gije palestin söweşijileri bilen bolan serhedara söweşden soň, Gaza zolagynyň deňizdäki balykçylyk zolagyny ýapdy. Ysraýylyň howa zarbalary söweşjeň Hamas dolandyryjylaryna degişli ýerleri nyşana alandan soň, Gazadaky palestinaly söweşijiler Ysraýylyň günortasyna iki raketa atdy. Harbylar Demir gümmez howa gorag ulgamynyň Gazadaky söweşijileriň Ysraýylyň günortasyna atan iki raketasyny saklandygyny aýtdy. Emma polisiýa gelip ýeten raketanyň Sderot şäherindäki bir jaýa zeper ýetirendigini aýtdy. Читать дальше...
Müňlerçe belarusly 15-nji awgustda prezident Aleksandr Lukaşenkanyň jedelli gaýtadan saýlanmagyna we halkara derejesinde gahar-gazap döreden ýowuz basyp ýatyrmalaryna garşy ýedinji gün parahatçylykly demonstrasiýa geçirdi. Oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa Lukaşenkanyň ýeňiş gazanandygy baradaky baradaky resmi habardan şikaýat edip, Litwa çykmaga mejbur bolanyndan soň, 15-nji we 16-njy awgustda parahatçylykly ýörişlere çagyrdy. Belarus döwletiniň radio we telewideniýesiniň Minsk studiýasynyň daşynda birnäçe müň adam ýygnanyp... Читать дальше...
“Doganlar we uýalar, alada etmäň, ozaly şu agyr günlerde biz Siz bilen her gün we hemme gün biledigimizi, bütin dünýäniň Siz bilen biledigini aýtmak isleýärin” diýip, başyna ak telpek geýen, egnine türkmen baýdagyny atan türkmen aktiwisti aýtdy.
Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany Belarusdaky soňky syýasy tolgunyşyk we onuň Türkmenistandan eşidilýän ýaňy barada gürrüň gozgaýar.