Belarus häkimiýetleri 9-njy awgustda geçmeli saýlawlaryň öňüsyrasynda prezidentlige dalaş edýän Swýatlana Tsihanouskaýanyň kampaniýa çärelerini nobatdaky gezek ýatyrdylar. Olar muny syýasy ýörişleriň geçmeli ýerlerinde zerur abatlaýyş işleriniň geçirilmegi bilen düşündirdiler. 4-nji awgustda paýtagt Minskden 100 kilometr günortada ýerleşýän Slutsk şäherinde ýerli häkimiýetler çäräniň geçmeli ýerinde ‘zerur’ abatlaýyş işleriniň geçirilmelidigini aýdyp, planlaşdyrylan oppozisiýa ýörişiniň bu sebäpli ýatyrylýandygyny yglan etdiler. Читать дальше...
Şu ýyl ýurtda ilkinji gezek 12 müň gektar ýere mäş ekildi, sentýabryň ikinji ýarymynda azyndan 10 müň tonna mäş almak göz öňünde tutulýar diýip, TDH ýazýar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana ynsanperwer kömek hökmünde ýokanç keselleri anyklamak üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlaryny muzdsuz ibermek baradaky karara gol çekdi. Bu barada TDH 4-nji awgustda habar berdi. Bu aralykda, Türkmenistanyň özünde ýeke hadysasy hem resmi hasaba alynmadyk koronawirus aladalary bilen baglylykda, medisina enjamlarynyň, däri-dermanlaryň ýetmezçilik edýändigi barada maglumatlar gowuşýar. Resmi türkmen maglumatyna görä, Owganystana... Читать дальше...
Latin Amerika koronawirusdan heläk bolan adamlaryň sany boýunça sebit hökmünde Ýewropadan hem geçdi. Bu aralykda, dünýä boýunça koronawirusdan ölenleriň sany 700 müňe golaýlady. Latin Amerikada 206 müň adam ölmi hasaba alyndy. Bu dünýädäki adam pidalarynyň 30%-idir. Geçen hepdede bu sebit wirusa ýoluganlaryň sany boýunça hem birinji orna geçdi. Latin Amerikada wirus bilen kesellän 5 million adam ýüze çykaryldy. Braziliýada koronawirusdan ölenleriň sany 95 müň 800-e ýetip, bu adam ölümleri boýunça ABŞ-dan soň ikinji görkezijidir. Читать дальше...
Belarus resmileri 9-njy awgustda geçmeli saýlawlaryň öňüsyrasynda prezidentlige dalaş edýän Swýatlana Tsihanouskaýanyň kampaniýasynyň gurnaýan çärelerini nobatdaky gezek ýatyrdylar. Resmiler muny syýasy ýörişiň geçmeli ýerlerinde zerur abatlaýyş işleriniň geçirilmegi bilen düşündirdiler. 4-nji awgustda Minskden 100 kilometr günortada ýerleşýän Slutsk şäherinde ýerli resmiler çäräniň geçmeli ýerinde ‘zerur’ abatlaýyş işleriniň geçirilmelidigini aýdyp, bu sebäpli planlaşdyrylan oppozisiýa ýörişiniň hem ýatyrylýandygyny yglan etdiler. Читать дальше...
Synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, kartoşkanyň hökümet mejlisinde uly meselä öwrülmegi nebit-gaz girdejilerine daýanyp, ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmedik ýurduň ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklaryndan habar berýär.
Liwanyň paýtagty Beýruty sarsdyran iki sany weýrançylykly partlamanyň netijesinde azyndan ýüz adam öldi, başga-da müňlerçesi ýaralandy. Bu aralykda, hökümet betbagtçylyk yglan etdi. 4-nji awgustda Beýrutyň portunda dörän partlamanyň netijesinde şäheriň diňe sanlyja binasyna zeper ýetmedi. Partlamada kilometrler aralykdaky jaýlar weýran boldy, penjireler döwüldi. Häzir şäher uruşdan soňky sahnany ýatladýar. Liwanyň Gyzyl haç jemgyýetiniň başlygynyň 5-nji awgustda ýerli habar serişdelerine beren maglumatyna görä... Читать дальше...