Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Belarusyň saýlawdan soňky protestleri dowam edýär, müňlerçe adam ýas tutýar

Müňlerçe belarusly 15-nji awgustda prezident Aleksandr Lukaşenkanyň jedelli gaýtadan saýlanmagyna we halkara derejesinde gahar-gazap döreden ýowuz basyp ýatyrmalaryna garşy ýedinji gün parahatçylykly demonstrasiýa geçirdi. 


Oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa Lukaşenkanyň ýeňiş gazanandygy baradaky baradaky resmi habardan şikaýat edip, Litwa çykmaga mejbur bolanyndan soň, 15-nji we 16-njy awgustda parahatçylykly ýörişlere çagyrdy. 


Belarus döwletiniň radio we telewideniýesiniň Minsk studiýasynyň daşynda birnäçe müň adam ýygnanyp, haýatyň aňyrsynda duran birnäçe esgere garap,  parahatçylykly şygarlara gygyrdy.


Demonstrantlar döwlet metbugatynda işleýän  žurnalistleri öz diňleýjilerine “hormat goýmaga” çagyrdylar. 


Döwlet telewideniýesiniň yşyklandyryş boýunça tehnigi Uladzimer Tsitarenka Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda tehniki işgärleriň “takmynan 80 göteriminiň” saýlawlara nägilelik bildirmek üçin umumy iş taşlaýyşa gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.


Biraz öň paýtagt Minskdäki Puşkin metro stansiýasynyň golaýynda müňlerçe adam 10-njy awgustda şol ýerde ölen we 15-nji awgustda jaýlanylýan 34 ýaşly protestçi Aleksandr Taraýkowskini hormatlamak üçin ýygnandy. 


1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda bolan Lukaşenkany ýeňiji diýip yglan eden 9-njy awgust saýlawlaryndan bäri geçirilen demonstrasiýalarda azyndan iki adam öldürildi we müňlerçe adam tussag edildi. Demonstrantlar Minskiň we beýleki şäherleriň köçelerinde görlüp-eşidilmedik sahnalary emele getirip, rehimsiz basyşlara garamazdan, Lukaşenka garşy çykyşlaryny barha güýçlendirdiler.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus