Welaýat resmileri Owganystanyň günbataryndaky Hyrat welaýatynda talyban söweşijileriniň utgaşykly hüjüm gurap, öten agşam owgan goşun barlag nokatlarynyň ikisine hüjüm eedendiklerini aýdýarlar. Bu hüjümler netijesinde 14 owgan esgeri öldürildi, 21 sany esger bolsa ýesir alyndy. Najibullah Mohebi, Hyrat geňeşiniň agzasy bu hüjümiň 6-njy dekabrda giçlik, Şindand etrabynda başlanandygyny, bu ýerde iň uly owgan harby-howa bazalarynyň biriniň ýerleşýänduigini aýtdy. Mohebi söweşleriň alty sagat... Читать дальше...
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani ABŞ sanksiýalaryny “ykdysady terrorizm” hökmünde ýazgardy we eger olaryň işi şowuna bolsa we Eýran gowşadylsa, günbatar bikanun neşe maddalaryndan dolar diýen çaklamany öňe sürdi. Rohani bu sözleri Tähranda, 8-nji dekabrda alty döwletiň gatnaşmagynda terrorizme garşy göreş boýunça boýunça geçirilen maslahatda aýtdy. Bu maslahata Owganystanyň. Eýranyň, Pakistanyň, Türkiýäniň, Hytaýy we Orsýetiň parlament spikerleri gatnaşýar. Rohani döwlet telewideniýesinde berlen... Читать дальше...
Soňky günlerde Türkmenistanda her gün diýen ýaly, ýa gijelerine ýagyş ýagýar, bu ýagyn ýüzläp gektar ýere ekilen bugdaýyň “maňlaýyndan dirär, emma bu arkaýynlaşmaga esas bermeýär diýip, Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen oba hojalyk hünärmenleri aýdýar.
Ermenistanyň şikaýat sudy ozalky prezident Robert Koçarýanyň deslapky tussaghanada saklanmagy baradaky karary dikeltdi. Ol ýurduň konstitusion ulgamyny bozmakda aýyplanýar. Koçarýanyň aklawçysy Haik Alumýan Ýerewanda žurnalistlere suduň 7-nji dekabrda, ýurduň irki parlament saýlawlarynyň geçirilmezinden iki gün öň, öz müşderisini tussag etmek barada karar çykarandygyny aýtdy. Alumýan bu kararyň üstünden şikaýat ediljekdigini, şol bir wagtda Koçarýanyň polisiýa garaşman, özüniň türmä barandygyny aýtdy. Читать дальше...
Sary keltekçeli demonstrasiýaçylar toparynyň hökümete garşy guran täze protestleriniň çäginde fransuz paýtagtynda plisiýa bilen çaknyşyk boldy. Habarlarda aýdylmagyna görä, polisiýa 8-nji dekabrda farnsuz prezidentiniň köşgüne tarap ýöriş edýän protestçileri togtatmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulandy. Häkimiýetler eýýäm, howpsuzlyk çäreleriniň berkidilmegi netijesinde, 340 adamyň tussag edilendigini aýdýarlar. Täze anti-hökümet protestlerinde bolmagy ahmal zorlukly hereketleriň öňüni almak üçin... Читать дальше...
Ermeni polisiýasy ozalky prezident Serž Sargsýanyň gaçgaklykdaky inisiniň Çeh respublikasynyň paýtagty Pragada tussag edilendigini aýdýar. Ermeni resmileri 7-nji dekabrda polisiýa tarapyndan gözlenilýän Narek Sargsýanyň bir gün ozal, Interpolyň kömegi bilen,Pragada tussag edilendigini aýtdylar. Polisiýanyň maglumatyna görä, Narek Sargsýan özüni Franklin Gonzales diýip tanadyp, galp Guatemala pasportyny görkezipdir. Ermeni häkimiýetleri iýul aýynda Milli howpsuzlyk gullugynyň Sargsýany adam alyp gaçmak... Читать дальше...