Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Orsýetiň sudy iki oppozisiýa wekilini 10 günlük tussaglyga höküm etdi

Orsýetiň administratiw sudy Sankt Peterburgda iki sany oppozisiýa wekilini 10 günlük türme tussaglygyna höküm etdi. Suduň kararynda olaryň maý baýramçylygy güni resmi rugsatsyz protest geçirendigi aýdylýar.


Suduň 2-nji maýda irden ýaýradan karary oppozisiýanyň lideri Alekseý Nawalnynyň Sankt Peterburgdaky edarasynyň koordinatory Aleksandr Şurşewe we "Açyk Orsýet" atly jemgyýetçilik fondunyň başlygy Andreý Piwowarowa degişli.


Piwowarowyň aklawçysy Anastasia Burakowa Sankt Peterburgyň sudunyň 2-nji maýda gije 1-de geçiren sud diňlenişigi bilen Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça konwensiýasyny depeleýändigini aýtdy.




"Açyk Orsýet" hereketi 1-nji maýda "Azat Sankt Peterburg üçin Azat saýlawlar" şygar astynda ýöriş geçirmek üçin şäheriň administrasiýasyndan rugsat alandygyny alandygyny aýdýar.


Şäheriň polisiýasy demonstrantlaryň prezident Wladimir Putini we Sankt Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowy tankytlaýjy şygarlary göterip ýörişe çykan badyna tussag edip başlady.    



Orsýetde polisiýanyň protestçilere görkezýän basyşlaryna syn edýän OWD-Info garaşsyz topar häkimiýetleriň jemi 68 sany demonstrantly tussag edendigini habar berdi. 


Demonstrantlaryň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, polisiýa protestçilere garşy ýowuz basyş görkezipdir, tussag edilen bir zenanyň elini döwüpdir. Şeýle-de, polisiýa potožurnalist Georgiý Markowy ýenjipdir. 




Şäheriň häkimiýetleri polisiýanyň "ýagdaýy durnuklandyrmak" üçin "ençeme düzgün bozujyny tussag etmäge mejbur bolandygyny" aýtdy we Maý güni ýörişini "prowokatorlaryň" bozandygyny aýtdy.


Emma Sankt Peterburgyň ombudsmeni Aleksandr Şişlow polisiýanyň ýörişi dargatmak boýunça hereketlerini tankyt edip, ony "konstitusiýanyň gödek depelenmegi" diýip atlandyrdy.


Orsýetiň prezidentiniň ýanyndaky Adam hukuklary boýunça geňeşi 2-nji maýda ýaýradan beýanatynda ombudsmen Şişlowyň aýdanlary bilen ylalaşýandygyny mälim etdi. 


1-nji maýda Orsýetde oppozision aktiwistler, kommunistler we zähmet bileleşikleriň agzalary bu senäni baýramçylyk ýörişleri we hökümete garşy çykyşlary bilen bellediler. Orsýetiň ençeme şäherinde polisiýa onlarça adamy tussag etdi.    

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus