Moskwa Muelleriň Russiýanyň saýlawlara gatyşygy boýunça delil tapmandygyny ‘boýun alandygyny’ aýdyp, galp beýanat etdi
Muelleriň hasabatynyň redaktirlenen görnüşi Kongrese iberildi we 18-nji aprelde onlaýn çap edildi. Hasabatyň bu görnüşi Russiýanyň saýlawlara gatyşygy baradaky subutnamany jikme-jikleşdirýär we Birleşen Ştatlaryň aňtaw toparynyň tapan öňki netijelerini tassyklaýar.
“Russiýanyň hökümeti 2016-njy ýylda geçirilen prezident saýlawlaryna giň gerimli we sistematik görnüşde gatyşdy” diýip, Muelleriň hasabatynda aýdylýar.
Muňa garamazdan, 19-njy aprelde Moskwada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmisi žurnalistlere beren maglumatynda, Muelleriň köp wagt bäri garaşylan hasabatynyň netijelerini ret edip, Muelleriň Russiýanyň saýlawlara gatyşygy boýunça “hiç hili delil tapmandygyny boýun alandygyny” aýtdy.