Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

HRW: Täjik aktiwisti Duşenbede gynaldy

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Human Rights Watch” guramasynyň maglumatyna görä, täjik oppozisiýa aktiwisti bosgunlyk statusy bolan Niderlandlara dolanmazyndan ozal, alnyp gaçylypdyr, ýenjilipdir, şeýle-de Russiýada we Täjigistanda gynamalara sezewar edilipdir.


“Human Rights Watch” guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça derňewçisi Stiw Swerdlowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, “Topar 24” oppozisiýa hereketiniň  öňdebaryjy agzasy Şarofiddin Gadoýew geçen aý Moskwada rus polisiýasy we Howpsuzlyk Boýunça Federal Gullugynyň işgärleri tarapyndan alnyp gaçylypdyr.


Gadoýew soňy bilen täjik resmileriniň eline berilýär, olar hem aktiwisti Täjigistanyň paýtagty Duşenbä aşyrýarlar.


“Biz onuň [Moskwadan] Duşenbä gelende zalymlyk bilen ýenjilendigini bilýäris. Onuň egin-başy durşuna gandy” diýip, Swerdlow aýtdy.


Mundanam başga, Gadoýew Moskwanyň aeroportynda kömege çagyrjak bolanynda, täjik howpsuzlyk ofiserleri ony ýenjipdirler we agzyny baglapdyrlar.


Gadoýew geçen aý Niderlandlardaky bosgunlykdan soň, Täjigistanyň paýtagtynda peýda boldy. Täjik resmileri onuň yzyna öz islegi bilen gelendigini öňe sürdüler. Emma, Gadoýewiň daşary ýurtlardaky egindeşleri we tarapdarlary muny ret edip, onuň alnyp gaçylandygyny aýtdylar.


Gadoýew bilen häzirlikçe habarlaşmak başartmady.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus