“Talyban” Owganystanda häkimiýeti “dolulygyna öz elinde saklamak” maksadynyň ýokdugyny aýdýar
Suhail Şahiniň AP habar agentligine beren maglumatyna görä, “Talyban” öz ildeşleri bilen egin-egne ýaşamagy isleýär.
“Talyban” 2001-nji ýyla çenli häkimiýeti öz gözegçiliginde saklaýardy. Jeňçi topary ABŞ-daky 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndaky hüjümleri bilen baglylykda, “Al-Kaýda” terroristlerini bermekden ýüz öwrenden soň, ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa Owganystana girip, “Talybany” häkimiýetden aýyrypdy.
“Talyban” jeňçileri soňky döwürde Katarda ABŞ-nyň parahatçylyk boýunça wekili Zalmaý Khalilzad bilen gepleşikleri geçirýärler.
Jeňçiler häzire çenli owgan hökümetiniň wekilleri bilen gepleşikleri geçirmekden ýüz öwrüp, şeýle-de daşary ýurtly esgerleriň ýurtdan çykarylmagyny talap edip gelýärdiler.