Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ we Kanada uçarlary Orsýetiň bombaçylaryny Demirgazyk Amerikan kenarlaryndan kowdy

ABŞ-nyň we Kanadanyň söweş uçarlary Orsýetiň ýadro ýaraglaryny götermäge ukyply iki sany bombaçysynyň daşyny gallap, olary demirgazyk amerikan kenarlarynyň golaýyndan kowup çykardylar diýip, harby resmiler aýtdy. 


Aerokosmiki goranyş boýunça Demirgazyk Amerikan komandowaniýesi 26-njy ýanwarda Orsýetiň iki sany “Tu-160 Blackjack strategik bombaçysynyň 25-nji ýanwarda Kanada patyşalygynyň harby-howa güýçleri tarapyndan goralýan zona girende tanalandygyny aýtdy. 


ABŞ-nyň iki sanyF-22 we Kanadanyň iki sanyCF-18 söweş uçarlary derhal bu ýere uçup bardy we rus bombaçylarynyň daşyny gallap, olary bu zonadan çykaryp kowdy diýip, beýanatda aýdylýar.


Habarda bu wakanyň anyk nirede bolandygy aýdylmaýar.


Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugy ABŞ resmilerine salgylanyp, rus uçarlarynyň “başga biriniň territoriýasyna” girmändigini habar berdi.


Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda iki strategik bombaçynyň “Demirgazyk Buzly okeanyň aralyk suwlarynyň ýokarsynda planlaşdyrylan uçuşy tamamlap, 15 sagatlyk uçuş mahalynda ýangyç guýmak praktikasyny amala aşyrandyklary aýdylýar.


Moskwanyň öz harby kuwwatyny mazamlap başlamagy bilen, rus we NATO uçarlarynyň dünýäniň dürli ýerlerinde gapma-garşy gelmegi soňky ýyllarda barha gürelýäne meňzeýär.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus