Gürjüstanyň ilkinji aýal prezidenti kasam getirdi
Telawi şäherinde geçirilen innagurasiýa dabarasynda Zurabişwili ýurtdaky syýasy ara-tapawutlyklary aradan aýyrmak, şeýle-de NATO we Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ugrunda tagalla etjekdigini söz berdi.
Şeýle-de ol Russiýa ýüzlenip, eger-de öz goňşulary bilen gatnaşyklarynyň gowulanmagyny isleýän bolsa, halkara hukuk kadalaryny sylamaga çagyrdy.
2008-nji ýyldaky bäş günlük uruşdan soň, Tblisi bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklar dartgynly bolmagynda galýar.
Zurabişwili Russiýanyň Gürjüstanyň iki regionynyň – Günorta Ossetiýanyň we Abhaziýanyň “kabul ederliksiz” okkupasiýasyny dowam etdirýändigini hem sözüne goşdy.
Fransiýada doglan 66 ýaşly Zurabişwili 28-nji noýabrda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda sesleriň 59.5%-ni alyp, ýeňiş gazanypdy. Onuň garşydaşy, Grigol Waşadze sesleriň 40.5%-nji almagy başarypdy.
Emma, oppozisiýa partiýalary ses berilişikde galplyklaryň bolandygyny aýdyp, onuň netijelerini ykrar etmekden boýun gaçyrdylar.