Pompeo: ABŞ Eýranyň ballistik raketalarynyň çäklendirilmegini isleýär
Pompeo Tährana garşy girizilen ýarag embargosynyň 2020-nji ýylda bes edilmeli däldigini aýtdy.
“Eger-de, Eýran ballistik raketalaryny artdyrmagyny dowam etdirse, halklarymyzyň howpsuzlygy howp astyna düşer” diýip, Pompeo Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi.
Pompeonyň belliklerine jogap edip, Eýranyň ilçisi Eshagh Al Habib ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Eýrany bahana edip, has köp ýaraglary satmagy maksat edinýändigini öňe sürdi.