BMG Iordaniýanyň üstünden Siriýa gumanitar kömegini ýollaýar
BMG-niň gumanitar edarasynyň maglumatyna görä, 11 müň 200 tonnalyk kömek 369 ýük ulagy arkaly uruşdan ejir çekýän 650 müň töweregi siriýala eltiler.
Siriýa hökümeti serhet geçelgesini üç ýyldan soň jeňçileriň elinden alyp, oktýabrda ony gaýtadan açypdy.
BMG ýedi ýyl bäri dowam edýän graždançylyk urşy sebäpli 13 milliona golaý siriýalynyň azyk, suw, däri-dermanlar ýaly serişdelere mätäçlik çekýändigini aýdýar.