Tramp Putin bilen 'wagty gelende' duşuşjakdygyny aýdýar
Orsýetiň serhet goragçylary ukrain gämilerini oka tutup, ukrain deňizçilerini tussag edenlerinden soň, Tramp Putin bilen planlaşdyrylan duşuşygyny goýbolsun etdi.
VOA-nyň 30-njy noýabrdaky giň gerimli söhbetdeşligi Buenos Airesde, 20-ler sammitiniň gapdalyndan geçirildi.
Şeýle-de Tramp ABŞ-nyň goňşulary Meksika we Kanada bilen baglaşan täze söwda ylalaşyklary hakynda hem gürrüň etdi we özüniň Hytaýyň dünýä möçberindäki ösüş geriminden alada galmaýandygyny aýtdy.
Şeýle-de ol, Birleşen Ştatlaryň köp ýurt tarapyndan köp ýyllap “talanyp” gelnendigini belläp, ÝB we beýleki ýurtlar bilen hem has peýdaly söwda gatnaşyklaryny gurmak isleýändigini bildirdi.