Hytaýda mekdep okuwçylarynyň üstünden maşyn sürüldi, azyndan bäş çaga öldi
Bu waka Liaoning welaýatynyň Huludao şäherinde boldy.
Sürüjiniň beýle herekete näme üçin baş goşandygy mälim däl, “Roýters” habar gullugy ýerli polisiýadan we häkimiýetlerden düşündiriş alyp bilmedi.
Sosial mediada peýda bolan, emma tassyklanylmadyk wideolar maşynyň ýoldan ters tarapa öwrülişini we çagalaryň üstüne barşyny görkezýär.
Hytaýda çynlakaý ýol-köçe hadyslary köp bolýar. Şu aýyň başynda Çongking welaýatynda bir sürüji ýolagçy bilen dawalaşandan soň, awtobus köprüden agdaryldy we azyndan 13 adam öldi.