Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ghani 2015-nji ýyldan bäri 29 müňe golaý owgan esgeri öldürildi diýýär

Owganystanda 2015-nji ýyldan bäri ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan 29 müň gullukçy öldürildi diýip, owgan prezidenti Aşraf Ghani aýtdy.


Ghani bu sanlary Waşingtondaky Halkara Kämil Ylymlary boýunça Johns Hopkins Mekdebinde eden çykyşynda mälim etdi. Ol bu ýerde öň antopologiýa boýunça sapaklary beripdi.


Ghani 2015-nji ýylda, haçanda NATO güýçleriniň belli bir böleginiň çykarylmagy bilen ýurduň howpsuzlygynyň ýerli armiýa we polisiýa geçirilmegi netijesinde  “howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan 28 müň 529 agzasynyň ölendigini we azatlyk ugrunda şehit bolandygyny” aýtdy.


Ghani gürrüňi gidýän wagt aralygynda 58 ABŞ-lynyň hem heläk bolandygyny belledi.


“Men meýletinçi bolup owgan howpsuzlyk güýçleriniň hataryna goşulýan ähli watançylary goldasym gelýär. Bizde mejbury gulluk ýok, hiç kime basyş edilmeýär. Eger-de, adamlarda watançylyk duýgulary bolmasa, men kimdir biriniň 200 dollar üçin janyny orta atjakdygyny çaklamaýaryn” diýip, Ghani sözüne goşdy.


Mundan öň, owgan hökümeti diňe belli-belli çaknyşyklarda çeken ýitgileri barada maglumatlary äşgär edýärdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus