Orsýetiň Çelýabinsk şäherindäki türmäniň dört gözegçisine bir tussagy ölýänçe urnadyklary üçin türme tussaglygy hökümi çykaryldy.
Çelýabinsk sudy 15-nji noýabrda dört adamy wezipesinden zorlukly peýdalanmakda günäli tapyp, üç ýyldan sekiz ýyla çenli aralykda türme tussaglygyna höküm etdi.
TussagSoltan Israilow 2015-nji ýylyň dekabrynda 2-nji düzediş koloniýasynda öli tapyldy.
Türme häkimiýetleri başda ol tussagyň özüni heläkländigini aýtdylar.
Emma 500 tussag Israilowyň ölüminiň sebäpleriniň derňelmegini talap edip, açlyk yglan etdi we bu derňew türme gözegçileriniň bäş sanysynyň tussag edilmegine alyp geldi.
Türme gözegçileriniň biri 2016-njy ýylyň maýynda, öý tussaglygy wagtynda özüni heläkledi.
Orsýetde türme gözegçileriniň, polisiýa ofiserleriniň we beýleki hukuk goraýjy işgärleriň eden-etdilikleri uzak wagtlap başyna goýberildi.