Makedoniýada ozalky premýer-ministr Gruýewskä tussag buýrugy çykaryldy
Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili orderiň suduň görkezmesi esasynda çykarylandygyny mälim etdi.
9-njy noýabrda sud Gruýewskini türme tussaglygyna garşy şikaýat edip ýazan soňky arzasyny hem ret edipdi.
Oppozisiýadaky WMRO-DPMNE konserwatiw partiýasynyň ozalky lideri Içeri işler ministrliginiň resmilerine 600 müň ýewrolyk kaşaň ulagy almaga bikanun basyş etmekde aýyplanyp, maýda tussaglyga höküm edilipdi.
48 ýaşly Gruýewski 2006-2016-njy ýyllar aralygynda premýer-ministr bolupdy. Onuň başlyklyk eden oppozision WMRO-DPMNE partiýasy, Gruýewskä bildirilýän aýyplamalaryň syýasy matlaplara esaslanýandygyny aýdýar.
Gruýewskä korrupsiýa aýyplamalary bilen baglylykda ýene-de üç sud diňlenişigi garaşýar.