Çalik Holding türkmen elektrik geçiriji taslamasyna $1.6 millard maýa ýatyrýar
Kabulda prezident Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda guralan dabarada Owganystanyň energiýa we suw ministriniň wezipesini ýerine ýetirýän Mohammad Gul Khulmi bilen Çalik Holding kompaniýasynyň başlygy Ahmet Çalyk özara düşünişmek jarnamasyna gol çekdi diýip, habarda aýdylýar.
Neşiriň owgan ministriniň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, bu taslama durmuşa geçirilse, Owganystan bilen Pakistanyň hersi ýylda Türkmenistandan 1,000 megawatt elektrik toguny alar. Munuň üstesine, Owganystan ýylda üstünden geçiren elektrik togy üçin $100 million girdeji alar.
500 kilowatlyk elektrik geçiriji liniýa Owganystanda 750 km aralyga çekilmeli we onuň gurluşygynyň üç ýylda tamamlanmagyna garaşylýar.