Orsýetli teatr we kino direktory ogurlukda aýyplanyp, Moskwada sud edilýär
Serebrennikowyň we “Ýedinji studio” diýilýäniň ýene üç wekiliniň garşysyna geçirilýän sud seljerişligi iki hepde gijikdirilip, Meşanskiý etrap sudunda, 7-nji noýabrda başlandy.
Serebrennikowyň tussag edilmegi Orsýetiň döredijilik adamlarynyň arasynda howsala döretse, günbatarda gahar-gazaba sebäp boldy. Olar rus häkimiýetleriniň prezident Wladimir Putiniň hökümeti bilen oňuşmaýan medeni şahslary nyşana alýandyklaryny öňe sürdüler.
Başda Gogol merkezi teatrynyny nyşana alýan derňewde şaýat hökmünde çagyrylan Serebrennikow 2017-nji ýylyň awgustynda tussag edildi weÝedinji studioda döwlet tarapyndan goýberilen 68 million rubl($1 million) serişdäni ogurlamagy gurnamakda aýyplandy.
Ýedinji studio girdejisiz gurama bolup, 2011-2014-nji ýyllarda döredildi.